ÝÜREKLERI BUÝSANDYRÝAN ÝAKYMLY PURSATLAR

Sagadyň dilleri aýlanyp, günler-günlere tirkeşip, aýlar-aýlary yzarlap geçip giden wagt ýene-de bir täze ýyly getirýär. Bu ýyl durmuşymyzda ýatdan çykmajak pursatlara baý seneleriň biri boldy. Aslynda, 31-nji dekabr adaty günler ýaly bolsa-da, ony özboluşly häsiýete eýe edýän aýratynlyklary ýylyň soňky güni bolmagydyr. Ertesi gün bolsa täze ýylyň ilkinji günüdir. Täze zatlar adamyň kalbynda täsin duýgulary oýarýar, ol adamyny begendirýär, buýsandyrýar, şatlandyrýar. Täze ýyl hem täze durmuş ýollaryny, täze dostluklary, täze başlangyçlary alamatlandyrýar. Şäherlerde, obalarda, ýagny ähli ýerlerde dekabr aýynyň gelmegi bilen başlanýan ýakymly hysyrdylar bolsa garaşylýan täze ýyly buşlaýar. Bu baýram adamlaryň begenjiniň, şatlygynyň goşalanyp, daş-töweregindäki ýakynlaryna sowgatlar taýýarlap, biri-birlerine saglyk, bagt, işinde üstünlik arzuw edip, garşy alýan özboluşly günüdir. Täze ýyl baýramçylygy üçin alynýan harytlar, taýýarlanylýan sowgatlar, maşgala bilen oturmagyň, dost-ýarlary kabul edip, mähir bilen salamlaşyp, birek-birege ýagşylyklaryň arzuw edilmegi iň oňat ýörelgeleriň biridir. Belki, şonuň üçindir, Täze ýyl iň ýakymly baýramçylyk hasaplanýar. Gyş paslynyň gelmegi bilen, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygydyr Täze ýyl. Bu baýramyň gelmegi bilen uzaklar ýakynlaşýar, dost-doganlar gabatlaşýar. Çagalar hem, adat bolşy ýaly, Aýazbaba hatlar ýazyp, islegleriniň hasyl bolmagyna garaşýar. Ulular bolsa saglyk bilen täze ýyla ýetenine begenip, asudalyk, agzybirlik, bolluk-bereketlilik bilen geljek ýylyň diňe gowulyklar getirmegini niýet edýärler. Täze ýylda ak ýollaryň arzuw edilmegi, çagalaryň, Aýazbabanyň, Garpamygyň ak reňkdäki özboluşly eşikleri baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Baýramçylyk dabarasynyň esasy aýratynlygy bolan ýaşyl reňkdäki arçalar bolsa parahatlygy, agzybirligi, gözel tebigaty şekillendirýär. Ondaky öwüşginli oýunjaklar, ýanýan dürli çyralar bolsa adamlaryň täze ýylda edýän hyýal-arzuwlaryna, etsem-petsemlerine ýol açýan yşyklara meňzeýär. Bular bilelikde baýramçylygyň maşgala birligini, agzybir ojaklarynda toý saçaklarynyň başynda, mähir, söýgi, muhabbet bilen jem bolup, diňe ýagşylyklary arzuw etmegini dabaralandyrýar. Onda ýaňlanýan şirin aýdym-owazlar bolsa sagat diliniň täze ýylda, täze güne „Hoş geldiň!“ diýen ajaýyp sesini ýadyňa salýar. Hut şu pursatlar hem ynsan kalbyny joşdurýar, baýramçylyk ruhuny emele getirýär. Göwünlere şatlyk, çagalara gülki, öýlere bereket paýlap Täze ýyl gelýär. Ýakymly pursatlary döredip, täze başlangyçlara ýol görkezip, kalbymyzy umytdan dolduryp, Täze ýyl gelýär. Belent arçalary bilen, gijä nur saçýan yşyklary bilen, Aýazbaba, Garpamygy bilen Täze ýyl gelýär. Hoş gelýär, sapa gelýär, täze rowaçlyklara ýar bolup, Täze ýyl gelýär! Goý, ýetip gelýän Täze, 2023-nji ýyl herbir ojaga, her bir maşgala abadançylyk getirsin, berk jan saglygyny, agzybirligi, döwletliligi, rysgal-berekedini bolluk bilen eçilsin! Täze ýylda ata Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünliklerden üstünliklere, ösüşlerden ösüşlere beslensin! Hormatly Prezidentimziň Täze ýylda il-ýurt bähbitli amala aşyrjak tutumly işleri rowaçlyklara ýar bolsun!

 

Ogulsenem ÇALOWA,

Türmenistanyň Magtymguly adyndaky

 Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA