Resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna gelen hormatly Prezidentimiz 7-nji noýabrda Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi.
Ýokary derejede geçirilýän bu duşuşyklarda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary has-da berkitmek, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Milanda bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Maslahatyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň we Italiýanyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýändigine şaýatlyk edýär.
Şol gün irden milli Liderimiz Italiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz işewürleriň her biri bilen aýratyn görüşdi, olaryň her haýsysy pursatdan peýdalanyp, öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrdylar hem-de Türkmenistanda işläp, hödürläp biljek hyzmatlaryny häsiýetlendirdiler.
Biziň ýurdumyz Italiýa bilen giň, köpugurly, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak, olara uzak möhletleýin häsiýeti bermek ugrunda çykyş edýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz italýan işewür toparlarynyň wekilleri bilen gazanylan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesini belläp, işewürlere geljekde hem zerur bolan goldawyň beriljekdigini ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, halkara hyzmatdaşlarynyň we iri maliýe düzümleriniň goldawyna eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijini gurmagyň taslamasy barada aýratyn durup geçdi.
Dostlukly gatnaşyklar, ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlary ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Italiýanyň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär.
«SACE» kompaniýasynyň prezidenti Benýamino Kwintýeri öz çykyşynda belent mertebeli myhmana ýüzlenip, bu ýere ýygnananlaryň adyndan türkmen Liderine duşuşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga wagt tapandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Duşuşykda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehnologik ugruna aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljekde hem berkejekdigine we ösdüriljekdigine özara ynam bildirildi.
Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi kabulhanasyna — «Kiji» köşgüne bardy. Bu ýerde milli Liderimizi Italiýanyň Hökümetiniň Başlygy mähirli garşylady. Soňra «Kiji» köşgünde türkmen-italýan gepleşikleri geçirildi.
Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini we geljegini ara alyp maslahatlaşmak babatda bu gepleşikleriň ähmiýeti uludyr.
Milli Liderimiz özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan özara bähbitli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň oňyn ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejede saklamakda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanda şeýle hem italýan dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italiýaly mugallymlaryň gatnaşmagynda italýan dili öwrenilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Italiýanyň kontinentimizde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gatnaşyklaryň şöhratly däplerini dowam etdirýändiklerini bellemek örän ýakymlydyr.
Geljek ýyl ýurdumyzyň halkynyň taryhy senäni — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara ykrarnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan Italiýanyň Hökümetiniň wekiliýetini Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyň işine hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Bu sapar hem-de onuň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy iki döwletiň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygynyň görkezijisi boldy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň hemde Italiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşky gurşaw, ýeri we deňzi goramak ministrliginiň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsiri, töwekgelçiliklere baha bermek, uýgunlaşmak we täsiri azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Bilim, uniwersitetler we barlaglar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra milli Liderimiz Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň resmi kabul edişlikler ýeri bolan «Kwirinale» köşgüne tarap ugrady.
Köşgüň merkezi girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady...
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz «Altare della Patria» ýadygärlik binasyna ugrady. Milli Liderimiz resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Leonardo da Winçi adyndaky Fýumiçino Halkara howa menziline gelip, Watanymyza ugrady.
* * *
Milan şäherinde milli Liderimiziň Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi.
Oňa iki ýurduň döwlet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de 100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň howandarlyk etmeginde Italiýa Respublikasynyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň, türkmen tarapyndan bolsa Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu çärä birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, eksport ugurly pudaklaryň ýolbaşçylary, TSTB-niň agzalary bolan hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
«Rosa Grand» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen Italiýanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde we giňeltmekde nobatdaky ädime öwrüldi.
Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumlaryna häzirki zaman italýan tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrýar we şolaryň diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda uly isleg bildirilýän we bäsdeşlige ukyply harytlara öwrülmegini şertlendirýär.
Italiýanyň işewürleriniň uly gyzyklanmasyna eýe bolan maslahatda garalan meseleleriň biri Türkmenistanyň dokma senagatynda hyzmatdaşlykdyr. Şeýle-de işewürler toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyry, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji toplumyň, Garabogazda ikinji karbamid zawodynyň we Balkan welaýatynda polimer öndürmek boýunça ýene bir gazhimiýa kärhanasynyň gurluşygy ýaly giň gerimli taslamalara aýratyn ähmiýet berdiler.
Işewürler maslahatynyň barşynda Italiýanyň iri kompaniýalarynyň we maliýe guramalarynyň beýleki esasy menejerleri hem çykyş etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylaryň söhbetdeşligi «sorag-jogap» görnüşinde geçdi.
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Hususan-da, diplomatik ugurda, energetika-senagat we ulag ulgamynda, dokma senagatynda, bank, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty hem-de bilim ulgamlarynda ähtnamalaryň we ylalaşyklaryň 12-sine gol çekildi.
Mundan başga-da, türkmen telekeçileri dürli italýan kompaniýalary, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin enjamlary we tehnologiýalary iberýän kompaniýalar bilen şertnamalaryň 11-sine gol çekdiler.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary işewürler maslahatynyň çäginde duşuşyklar geçirdiler.
“Nesil” gazeti,
09.11.2019ý.