HOR­MAT­LY PRE­ZI­DEN­TI­MI­ZIŇ ÝAŞ­LA­RA SAR­GYT­LA­RY

Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr.

Ýaşlaryň ähli meselelerini öz içine alýan döwlet syýasatymyz ýaş nesillerde Watanymyza bolan beýik buýsanjy döredýär.

Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň süňňünde belent ahlak, ene-ata, halka we tutuş adamzada bolan beýik söýgi jemlenmelidir.

Mähriban ýaşlar! Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň we adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýäniň parahatçylygynyň bähbidine hyzmat etmek siziň üçin uly mertebe bolmalydyr.

Beýik maksatlara ýetmek üçin siz hemişe zähmeti özüňize hemra edinmelisiňiz. Watanyň beýik geljegi, halkyň bagtyýar durmuşy üçin halal zähmet çekmek uly bagtdyr.

Bi­lim­siz­lik — ejiz­lik­dir. Şun­dan ugur alyp, ýurdumyzda halkyň, ýurduň ykbaly, onuň bagtyýar geljegi bilen aýrylmaz bagly bolan bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris.

Biz çagalaryň netijeli okamagy, göwnejaý dynç almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döredýäris.

Sowadyňyzy, bilimiňizi, ylmyňyzy kämilleşdirmelidigiňizi ýekeje pursat hem ýatdan çykarmaň. Siz dünýädäki ylmy täzeliklerden, ösen tehnologiýalardan habarly bolmalysyňyz.

Mähriban çagalar! Bilim-ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz.

Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr.

Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz.

“Nesil” gazeti,

14.11.2019ý.