Türkmen halkymyzyň ýyllary bir-biri bilen sepleşip kerwen gurap öz ady bilen bile gelýär. Geçen ýyl bolsa “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halal zähmetinden ýugrulan döwlet bähbitli bitirilýän işler belent işler sanardan juda kändir.Çünki Gahryman Arkadagymyz “Döwlet adam üçindir” diýen beýik şygaryny öňe sürüp öz halkynyň we döwletiniň gülläp ösmegi ugrundaky bitirýän ummasyz sogap işleriniň miwesiniň datýan türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyza müň kerem alkyşlar aýdýarlar.
2023-nji ýylymyz “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar” ady bilen başlanjak belent maksatly işler gelejekde giň göwrümli jogapkärçilikli işleriň biridir. Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň geljegini aýdyň ýollara sary ähli taraplaýyn giň mümkinçilikli şertlerini we işlerini ýola goýjakdygyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar.Öz peder ýolyny nusgalyk mekdep edinýän Arkadag Serdarymyz her bir işe başlamazdan öň Gahryman Arkadagymyza sala salyp il sylagly ýaşulularymyz bilen maslahat etmegi-de täze beýik işleri üstünliklere ýetjekdigini uly buýsanç bilen belläp bolar.
Goý öz halkyny beýik ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun mundan-da beýläk alyp baryljak beýik maksatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Bezirgen BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.