Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, medenýetini öwrenmäge, taryhy- medeni mirasyny gorap saklamaga örän uly ünus berilýär. Sarahs oazisi Türkmenistanyň günortasynda köp asyrlaryň taryhyndan habar berýän arheologik we arhitektura ýadygärlikleriň mesgenidir. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem Sarahs şäheriniň merkezinden 82,5km Go-da. Bathyzda ýerleşen Ýarylan gala arheologik ýadygärligidir. Ol Bathyz belentliginiň iň bir gözel ýeri bolan Tejen derýasynyň giň derýa çykýan Zülfigar geçelgesiniň ýanynda ýerleşýär. Gala üç tarapy hem çuň jülge bilen gurşalan kert gaýada ýerleşen. Gala hemişelik ýaşamak üçin niýetlenip salynman uruş howpy abanan wagtynda gaçypatalga hökminde duşmandan goranmak üçin salnypdyr. Şeýle wagtlaýyn gaçypatalgalar Bathyzyň çarwa ilaty tarapyndan barmasy kyn bolan ýerlerde salnan bolmaly. Bu desganyň wagtlaýyn häsiýetini bu ýerde hemişelik suw çeçmesiniň ýoklygy hem şaýatlyk edýär. Gala 1993 ýylda T.Hojanyýazow tarapyndan öwrenildi.
Gala gönidäl dörtburçlyk görnişli ölçegi 126x27.2 barabar,1,5-2 m beýiklikde saklanyp galan gala diwarlary palçyksyz, timarlanmadyk ýasy, tebigy dag daşlaryndan örilen. Galanyň içinde dürli ölçegli, jaýlar ýerleşýär. Jaýlaryň üsti ýasy, daşlar bilen basdyrylan bolmagy mümkin. Gapylaryň penjireleri üsti ýassy daşlar bilen basdyrylan.Ýadygärlik öwrenilende ol ýerden Medeni gatlagyň ýoklygy tassyklanyldy. Şonuň ýaly-da ojakdyr, tamdyr hem gabat gelmändir.Az sanly keramiki bölekler tapylypdyr olar hem XI-XII,XII-XIV-XV-XVIII asyrlara degişli.
Taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, aýap saklamaga uly mümkünçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun.
Arzygül MYRADOWA,
TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.