Halkymyzyň külalçylyk sungatynyň önümleri bolan dürli görnüşli küýzeler ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyz tarapyndan gündelik durmuşda ulanylypdyr. Küýzeler toýun palçykdan ýasalyp, ýaýbaň billi, bokurdakly, iki ýa-da dört gulply, kähalatlarda bir gulply hem bolupdyr. Käbir ýerlerde “Pälwan küýze” diýlip atlandyrylýan hum küýze küýzeleriň arasynda iň ulylarynyň biridir. Humlar ätiýaçlyk azyklary, suw ýa-da galla saklamak üçin niýetlenilip ýasalan uly göwrümli üçin niýetlenilip ýasalan uly göwrümli küýzeler bolup, olar ölçegleri boýunça dürli-dürlidir. Köplenç halatda humlaryň düýbiniň we bokurdagynyň diametri 0,2-0,4 metrden 1,5 metre çenli bolupdyr. Taryhy çeşmelerde hum küýzeleri ýasamak işiniň VIII asyrda hasda kämilleşendigi barada maglumat bar. Ata-babalarymyz hum küýzeleri un we galla önümlerini uzak wagtlyk saklamak üçin amatly gap hökmünde ulanypdyrlar. Äpet hum küýzeleri ýasamak küýzegärlerden ýokary ussatlygy talap edipdir. Şeýle-de bolsa, nusaýly küýzegärler orta Aziýa küýzegärlerinde örän seýrek duş gelýän äpet humlary ýasamyň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar. Ussat küýzegärler olary ýasamak üçin palçygyň hiline aýratyn uly üns beripdirler. Munuň üçin düzüminde köp mineral duzlary saklaýandygy sebäpli, derýalaryň, uly ýaplaryň köne hanalarynyň şykgy kesekilerini ulanypdyrlar. Kesekler döwlüp, elekden geçirlipdir. Humuň laýynyň maýyşgaklygyny, birleşiş ukyplygyny gazanmak maksady bilen tä laý ýeňil işlemek üçin ýumşaýança, kähalatda 15-30 güne çenli eýlenipdir.Küýzeleriň berkligini üpjün etmek we olaryň ýüzüne çalmak üçin syrça ýasamakdan köplenç Garagum sährasynyň naýbaşy daragty bolan çoganyň küli ulanylypdyr. Küýzeler we küýze önümleri oda durnukly ýörite kerpiçlerden ýasalan kürelerde bişirlipdir. Oduň hökmünde sazak gandym, ýylgyn ýaly sähra ösümlikleri has güýçli gyzgynlygy almak üçin bolsa, ýandak ulanylypdyr. Galla, un, çigit we beýleki azyk-ekerançylyk önümlerini saklamak üçin pederlerimiz köplenç hum küýzeleri gömüp ulanypdyrlar. Ýere gömlüp goýulýan humlar bellibir ýylylykda durýandygy sebäpli onuň içindäki azyk önümleri uzak wagtlap zaýalanmandyr. Gömlen humlaryň agzyna palçykdan gapak ýasalypdyr. Onuň üstünden mallaryň eýlenen derisinden örtgi geýdirilipdir. Bu bolsa, küýze gaplaryndaky azyk önümlerini suwuň-çygyň aralaşmagyndan gorapdyr. Häzir muzeý gymmatlyklaryna öwrülen küýzeleriň ählisinde diýen ýaly pederlerimiziň elleriniň yzy bar. Hum küýze, suw küýze, ýag küýze, jürdek, golça, digir, güpi, gäwdiş ýaly küýze görnüşlerini göreniňde, olaryň halkymyzyň durmuşynda esasy gaplaryň biri hökmünde giňden ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar.
Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
esasy hünärmeni.