22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine seredildi. Şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.
Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat bermek üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar geçen ýyl amala aşyrylan işler, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler.
Agzalan döwürde Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylan çäreler, hususanda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz MHM-niň wajyp orny barada aýdyp, jemgyýetiň asuda, döredijilikli durmuşynyň sütünlerini, milletiň agzybirligini we jebisligini berkitmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra 2019-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda geçirilen işler, hususan-da, toplumlaýyn harby özgertmeleriň barşy hem-de onuň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli işler barada hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda Içeri işler ministrliginiň 2019-njy ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, hukuk we guramaçylyk esaslaryny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Jenaýatçylyga garşy göreşmegiň meselelerine berk gözegçiligiň üpjün edilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçen ýyl ýerine ýetirilen işler barada hasabat diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz kanunçylygyň berjaý edilmegini, hususan-da, kazyýetleriň çykarýan hökümleriniň we çözgütleriniň adalatly bolmagyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 2019-njy ýylda prokuratura edaralary tarapyndan geçirilen işler, şol sanda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabaty diňledi. Milli Liderimiz prokuratura edaralarynyň öz işlerini öňde goýlan esasy wezipelerden, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen ugur alyp guramalydygyny nygtady hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda şeýle hem 2019-njy ýylda Döwlet serhet gullugy tarapyndan geçirilen işler barada hasabat diňlenildi. Ata Watanymyzyň serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz täze döwrebap serhet galalaryny hem-de ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işiniň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Soňra kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryna ýetmäge ýardam etjek täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça geçen ýyl görlen çäreler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz Adalat ministrligine degişli düzümlerde geçirilýän işleriň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ünsi çekip, bu edaralarda sanly ulgamy hem-de elektron resminama dolanyşygyny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem 2019-njy ýylda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan durmuşa geçirilen işler barada hasabat diňlenildi. Milli Liderimiz gullugyň işgärleriniň ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramak işlerine goşýan goşandynyň uludygyny belläp, geljekde hem gümrük hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň netijeli işini üpjün etmek boýunça geçen ýyl alnyp barlan işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Degişli ugurda sanly tehnologiýalaryň, öňdebaryjy we dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy, ýaş işgärleriň taýýarlanylmagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini, şu ýylda hem bu baýramçylygyň uly dabaralara beslenjekdigini aýtdy. Esgerleriň we serkerdeleriň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdigine berk ynam bildirip, bu ýere ýygnananlary golaýlap gelen Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
25.01.2020ý.