24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň durmuş-ykdysady häsiýetnamalar we beýleki ähmiýetli ýagdaýlar bilen utgaşyklykda ilatyň sany, ýaş toparlary, düzümi hakynda doly we dogry maglumatlaryň möhüm çeşmesi bolup durýandygyny belledi.
Soňra nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmegiň wajyp wezipeleriň hataryna girýändigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Gurluşyk we energetika toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet energetika institutynyň ýanyndaky ylmy-önümçilik merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde Gün we ýel energiýasyny peýdalanmak meseleleri boýunça degişli hasaplamalar geçirildi. Şol işleriň netijesinde çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Hödürlenen teklipleri makullap, hormatly Prezidentimiz şol taslamalaryň tehniki taýdan seljerilmegini hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de Mejlisiň barşynda milli Liderimiz «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini gurmak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere iberdi hem-de bu resminamada bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirildi, şonuň netijeleri boýunça «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň ýolagçy awtomenzilleriniň taslamasy seçilip alyndy. Geçirilen hasaplamalara laýyklykda, bu desgalaryň gurluşygyny Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýetiniň arasynda paýly gatnaşykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz ulag düzüminde gurulýan desgalaryň dünýä ölçeglerine gabat gelmegini üpjün etmek maksady bilen, döwrebap tehnologik binýadyň döredilmegine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işler, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça görülýän çäreler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklady we resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.
Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, öz nobatynda, milli ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynyň işi barada hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, täze hünär ugurlaryny açmak, wajyp ugurlar boýunça gaýtadan taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we magistr taýýarlygy okuwlaryny girizmek meseleleri Mejlis, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde seljerildi we degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Bu resminamanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň meseleleri hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we şu babatda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer 14-nji ýanwarda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Meýilnama «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy we syýasy ähmiýeti», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady ugrunyň möhüm ähmiýeti», «Ynsanperwerlik meseleleri we medeni gymmatlyklar barada» hem-de «Türkmenistanyň Bitaraplygy — häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimiz» atly dört bölümi özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli çäreler, şol sanda duşuşyklar, düşündiriş çäreleri, maslahatlar, brifingler, media-forumlar we beýlekiler meýilleşdirildi. Hödürlenen teklipleri makullap, hormatly Prezidentimiz wise-premýere meýilleşdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we Bitaraplygyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hemde welaýatlarda amala aşyrylýan meýdan işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, ilatyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň möhümdigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň 28-nji ýanwarynda sebitiň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde Berlin şäherinde geçiriljek «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Forumyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň umumy howpsuzlyga ýetirýän täsiri bilen bagly meselelere seretmek bolup durýar. Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, 3-nji fewralda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda geçiriljek «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz degişli ugurlar boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Milli Liderimiz Konstitusion toparyň işi barada durup geçmek bilen, bu düzümiň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň Taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
28.01.2020ý.