ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANYP

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan beýik maksatly tutumlar üstünliklere beslenýär. Netijede, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini, dost-doganlyk ýörelgelerini has-da pugtalandyrýan düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Munuň özi mähriban Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, öňdebaryjy, gülläp ösýän döwletleriniň birine öwürmek, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagyny, nurana geljegini üpjün etmek ýaly asylly tutumlarymyzyň rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny has-da berkidýär. Şeýlelikde, eziz Watanymyz tutuş dünýäde ösüşiň çäksiz belentliklerine tarap ynamly öňe barýan, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly, geljegi aýdyň ýurt hökmündäki mynasyp ornuny öňküden hem pugtalandyrýar.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowamat-dowam tapýan şunuň ýaly köpugurly ösüşlerde, jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmelerde ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýan ýaş nesliň mynasyp orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtamagy şeýle mizemez hakykatyň aýdyň subutnamasydyr.

       Şeýle uly ynama, hormat-sarpa mynasyp bolan ýaşlarymyz beýik tutumlary arkaly täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dürli ugurlarda nusgalyk üstünlikleri gazandylar. Biz muňa hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ýokary derejede geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly waka bolan maslahat halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlary, şeýle-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekip, ýurdumyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşýan ýaşlarymyzy bir ýere jemledi. Maslahatyň çuňňur mazmunyny düzen buýsançly çykyşlarda aýratyn nygtalyşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly sözüň doly manysynda ýaş nesliň watansöýüjiliginiň, gujur-gaýratynyň, zehin-başarnygynyň, zähmetsöýerliginiň aýratyn joşgunly ýyly boldy. Sebäbi bu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň röwşen ykbalyna gönükdirilen döwletli tutumlaryň hatary öňküden hem artyp, mazmun taýdan has-da baýlaşdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýynda geçirilen TMÝG-niň VIII gurultaýy ýaşlarymyzy belent sepgitlere ruhlandyran wakalaryň biri boldy. TMÝG-niň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly milli ruhly ýaşlary kemala getirmekde gazanylýan üstünlikleriň dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýanlygyny tassyklady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda Mary şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy şeýle taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi.

Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryny aýratyn begendiren pursatlaryň ýene birini şu ýerde aýratyn nygtasymyz gelýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyny öz halkyna peşgeş berdi. Agzybir halkymyzyň Täze ýyl baýramçylyk şatlygyny goşalandyran bu kitap jemgyýetçilik durmuşymyzda ýaşlaryň mynasyp ornuny ýene bir gezek tassyklady. Şol bir wagtda, bu gymmatly eser halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasyny gaýgyrmaýan ýaşlarymyz üçin indiki ýetilmeli sepgide ruhlandyrýan şamçyraga öwrüler.

Ine, döwletimiz tarapyndan şeýle çäksiz aladalar bilen gurşalyp, uly hormat-sarpa, beýik ynama mynasyp bolan biz — ýaşlar ýene-de bir taryhy waka, ýagny Täze ýyl baýramçylygynyň şatlygynyň eziz Diýarymyzy gurşap alan pursatynda öňdebaryjy ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Munuň özi hem ýaşlarymyz üçin uly bagtdyr! Ýurduň egsilmez kuwwaty bolan ýaşlarymyzy şeýle bagtyň eýesi eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR