Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrmagy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren, her birimiziň ýan kitabymyza öwrüljek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini baradaky täsirli gürrüňlere giň orun berildi. Bu ýerde söz sözlänler döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabynyň baý many-mazmun we bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen, 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň beýan edilişi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Şunuň bilen baglylykda şu ýylmyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy şahyryň ömür döredijiligine, goýulýan belent sylag hormatyň nyşany bolmak bilen bir hatarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň ömrüni, döredijiligini, edebi mirasyny has-da giňden öwrenmäge, dünýä ýaýmaga uly mümkinçilik berjekdigini aýtdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip beren ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.