SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DURMUŞ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde guramagynda “Sagdyn jemgyýet — sagdyn durmuş” ady bilen Abadan haly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler jemgyýetde maşgalanyň tutýan orny, sagdyn durmuş ýörelgeleri, maşgalanyň we jemgyýetiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan, bolelin, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gözel BAZARBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 35 okalan

ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

01 Sentýabr 2025 | 20 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DURMUŞ

01 Sentýabr 2025 | 62 okalan

BILIM OJAKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR