BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI ÝURDUMYZDA GIŇDEN BELLENILDI

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň, Türkmenbaşy dokma toplumynyň hem-de Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar günine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda okuwa kabul edilen 1-nji ýyl talyplar öz ýürek buýsançlary bilen çykyş edip, çäräniň şowhunyna şowhun goşdular. Talyp ýaşlar ýurduň ösüş binýadyny berkitmekde hem-de Watanymyzyň öňdebaryjy dünýä döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan bimöçber işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny ynandyrdylar.

Dabarada ähli talyp ýaşlary, bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlap, olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy we uly üstünlikler arzuw edildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 20 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 21 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI