ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY — ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygy ýokary derejede alyp barmak maksady bilen Aşgabat şäheriniň 133-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çykyş edenler ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, halkymyz tarapyndan uly buýsanç bilen goldanyp geçirilýän biraýlygyň ilatyň parahat hem-de asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini, eziz Diýarymyzda eşretli durmuşuň hözirini görüp ýaşaýan her bir raýatyň nurana we abadan ýollarymyzyň howpsuzlygy bilen baglanşykly raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmelidigini nygtadylar.

Çäräniň ahrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülaýym AŞYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

“BIZ OWAZ BILEN”

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 21 okalan

“BIZ OWAZ BILEN”

12 Sentýabr 2025 | 29 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI