Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleri, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine giň gerimde taýýarlyk işleriniň çäginde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka boljak, ýurdumyzda milli demokratiýany, mundan beýläk-de dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek kararlaryň ýaş nesilleriň ruhy joşgunyny, döredijilik ylhamyny, zähmete bolan söýgüsini has-da artdyrmagy, Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrmagy dogrusynda, ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny beýan etmek maksady bilen «Halk maslahaty – halk bähbitli tutumly işler» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ýurt baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Annajemal NURJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
«Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.