Häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginde terjimeçilik hünärine aýratyn ähmiýet berilýär. Sebäbi terjimeçilik diňe bir maglumat alyşmakda däl, eýsem halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem möhüm orny eýeleýär. Bir dilden başga bir dile terjime etmek terjimeçiden diňe dil bilimini däl, eýsem, şol halkyň edebi mirasyny, medeni aýratynlygyny hem çuňňur düşünmegi talap edýär. Her ýylyň 30-njy sentýabry bütin dünýäde Halkara terjime güni hökmünde giňden bellenilýär. Bu senäniň halkara derejesinde ykrar edilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 24-nji maýynda geçirilen 71-nji sessiýasynda kabul edilen Karara esaslanýar. Şondan bäri bu gün her ýyl aýratyn şygar astynda, dürli çäreleriň guralmagy bilen bellenilip geçilýär.
Dilleriň köpdürliliginiň emele gelen döwürlerden başlap, dürli dilde gepleýän adamlar düşünişmekleri üçin terjimeçilere bolan zerurlyk artyp başlapdyr. Ilki dilden-dile terjime edilip başlanan bolsa, soňlugy bilen ýazuw arkaly dürli resminamalar, dini we ylmy maglumatlar, edebiýat eserleri terjime edilipdir. Şeýlelikde, terjimeçilik diňe bir dil bilen baglanyşykly hünär bolman, eýsem möhüm jemgyýetçilik we medeni wezipäni ýerine ýetiripdir.
Biziň günlerimizde hem terjimeçilik sungaty kämil derejede ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleri bolan iňlis, rus, fransuz, arap, hytaý we ispan dilleri häzirki wagtda iň köp terjime edilýän diller hökmünde ulanylýar.
Halkara terjime güni mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda bu ugurda ylmy-amaly maslahatlar, metbugat ýygnaklary, okuw sapaklary, tegelek stollar gurnalyp, terjimeçileriň tejribe alyşmagy üçin mümkinçilik döredilýär.
Terjimeçilik – dünýä halklarynyň arasynda özara düşünişmegi üpjün edýän, medeniýeti, edebiýaty, ylmy ösdürýän gymmatly hünärdir. Halkara terjime güni bolsa bu sungata hormat goýmakda, terjimeçileriň jemgyýetdäki ornuny has aýdyňlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň habarçysy.