Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň Gumdag şäherçe bölümçesi, Gumdag şäherçesiniň 6-njy sport mekdebi bilen bilelikde ýaş türgenleriň gatnaşmaklarynda «Sagdyn ýaşlar – Watanyň daýanjy» ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.
Geçirilen ýaryş gyzgalaňly ýagdaýda dowam edip, ýaşlarymyz öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Gyzykly ýagdaýda geçirilen ýaryşyň netijesinde ussatlyk bilen ýeňiş gazanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen milli sportuny ösdürmekde, ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklaryna giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Amangözel EŞEROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Gumdag şäherçe bölümçesiniň esasy hünärmeni.
 
                     
                     
                     
                             
                    












