NESILLERIŇ ALADASY — GELEJEGIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlara iş saparlarynyň möhüm ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda etrabyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda «Nesilleriň aladasy — gelejegiň binýady» atly maslahat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy, ýurdumyzyň BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň berkidilýändigi, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlarynda ýokary netijeleriň gazanylýandygy barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mähri TOÝMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 52 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 65 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 48 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI