GOŇŞY BAHASY

Abdylla ibn Mübäregiň bir goňşusy bolupdyr. Ol çagalaryndan öňürti ýaňky goňşusyna nahar dadyrar eken. Çagalaryndan öňürti, ony geýindirer eken. Günleriň birinde bu ýerden howly edinmek isleýänleriň biri goňşusynyň ýanyna gelip, jaýyny satmagy teklip edipdir. Goňşusy: “Öýüm, howlym iki müň dinara durýar. Müň dinar onuň hakyky gymmaty. Müň dinar bolsa gowy goňşymyň barlygy üçin” diýipdir. Müşderi bu sözlere ör-gökden gelipdir: “Biz-ä jaýyň bahasynyň üstüne goňşy hakynyň urulýandygyny heniz eşidemzok” diýipdir. Emma goňşusy pikirinden dänmejegini ýaňzydypdyr. Bu sözleri eşiden Abdylla ibn Mübärek goňşusyna ýagşy dilegler edipdir. Oňa öňkisindenem has gowy seredipdir.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 158 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 167 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY

19 Noýabr 2025 | 305 okalan

GYZ EDEBI — IL EDEBI (DÖWÜR WE TERBIÝE)