SEN GELERDIŇ ÝANYMA

Durmuş ekdi umytlyja nahalyn,

Saý-sebäpsiz käte geler gaharym,

Gamgynlykda ýekesirän mahalym,

Alyslardan sen gelerdiň ýanyma.

 

Mydam bolup durmaz arzuwlar hasyl,

Gün geçse, aý geçse, aýlanar pasyl.

Umyt monjuklarym senmidiň asyl,

Bagt bolup, sen gelerdiň ýanyma.

 

Joşa geler bu gün köňül güzerim,

Seniň üçin ajap nama ýazaryn.

Köpçülikde eglenende nazarym,

Duýman durkam, sen gelerdiň ýanyma.

 

Saba ýeli öwser munda mylaýym,

Beýan etsem saňa köňül hyýalym.

Özgelerden diňe sendiň saýlanym,

Sözsüz gülüp, sen gelerdiň ýanyma.

 

Gunça ORAZOWA,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň

1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 38 okalan

HALKYŇ ÝÜREGINDE ADY BAR

19 Noýabr 2025 | 37 okalan

BAG BITSE BAGTYÝARLYK BOLAR

19 Noýabr 2025 | 33 okalan

ÝAŞLAR – ATA-WATANYMYZYŇ GELJEGIDIR