Şu günki yhlas – ertirki hasyl

Ýaş alym barada maglumat:

Kadyr Amanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ylmy işi: «Ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşy».

Türkmenistanly ýaş alym topragy guş dersinden taýýarlanan organomineral dökün bilen baýlaşdyrmagy teklip edýär.

Iň esasy netije bolsa, talyp ýigidiň Türkmenistanyň şertlerinde ilkinji gezek guşçylyk toplumlarynda emele gelýän galyndylary gaýtadan işläp, galyndysyz tehnologiýanyň esasynda ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan amatly, topragy gurplandyryjy organomineral döküni almagy başaranlygydyr.

Ilkinji ädimler

Heniz Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdepde okaýarka himiýa dersi boýunça ders bäsleşiklerine gatnaşyp, «Günüň şöhlesi bilen eremesi kyn bolan metallaryň alnyşy» atly ylmy-taslama işi bilen meşgullanan hem bolsa, Kadyr Amanow mundan dört ýyl ozal uniwersitetiň adaty talyplarynyň biri ýaly görünýärdi. Ýöne onuň gursagyndaky ylyma bolan söýgi, täzeliklere, oýlap tapyşlara bolan höwes egsilerli däldi, tersine, möwç alýardy. Ahyry onuň gözleýän mümkinçiligi talyplygynyň birinji ýylynyň ahyrynda döredi.

Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň institutlary, şol sanda Himiýa instituty bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Mundan dört ýyl çemesi ozal uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyplary bu institutyň alymlary bilen bilelikde ylmy gözlegleri alyp barmak barada ylalaşýarlar. Şeýlelikde, uniwersitetiň wekillerine öwrenilmäge degişli temalaryň birnäçesi hödürlenilýär. Bu «harman paýlanyşyga» ilkinjileriň hatarynda gelen talyp ýigit Kadyr Amanow hem guş dersini peýdaly organomineral döküne öwürmek bilen bagly işi saýlap alýar.

– Häzire çenli ýurdumyza getirilýän ýokumly dökünleriň käbiriniň guş dersinden taýýarlanandygyna göz ýetirip, biziň ýurdumyzda hem şeýle mümkinçilikleriň bardygyny ýatladyk we işe girişdik – diýip, Kadyr ilkinji ädimleri barada gürrüň berýär.

Şeýlelikde, ýaş alym ylmy ýolbaşçysy, uniwersitetiň umumy himiýa kafedrasynyň müdiri, uly mugallym, tehniki ylymlarynyň kandidaty Rejepnur Nurowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup, guş dersinden organomineral dökün almak bilen bagly ylmy gözleglerine girişdi...

Maksat – iň peýdaly, iň arassa dökün

Guşçulyk – iň düşewüntli, şol bir wagtyň özünde-de hysyrdysy kän ugurlaryň biri. Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen guşçulyk toplumlarynda ilaty ýumurtga we towuk eti bilen üpjün etmek babatynda uly işler alnyp barylýar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Kadyr Amanow bolsa guş dersini hem peýdaly döküne öwürmegiň ylmy taslamasyny taýýarlady.

Häzir Ýer ýüzünde organomineral dökünlere bolan isleg barha artýar. Çünki döküniň bu görnüşi topragyň düzümindäki gumusyny artdyryp, hasyl berijiligine oňyn täsir edýär. Hasylyň ýokary hilli bolmagynda hem gumusyň orny uludyr. Şol bir wagtyň özünde-de organomineral dökünler özleriniň tebigaty, fiziki-himiki häsiýetleri boýunça ekologiýa taýdan iň howpsuz dökün hasaplanylýar. Döküniň bu görnüşi janly tebigatda, aýratyn hem, toprakda, ösümlik dünýäsinde geçýän öwrülişiklere oňyn täsir edýär.

Hem ýokumly, hem ynjyk

Ylym hakdaky söhbediň beýle gyzykly bolşuny diýseňizläň! Kadyrdan belläp alan gyzykly maglumatlarymyň haýsy birini makala sygdyrjagymy bilmän ýaýdanyp oturan boldum. Asyl, guş dersiniň ýokumlylygy mal dersiniňkiden 10 essä çenli ýokary bolýan eken. Şonuň üçin hem belli bir ýere dökülýän mal dersinden 30 essä çenli az guş dersini dökmek hem ekiniň hasylyna juda uly täsir ýetirip bilýär. Ýöne şeýle ýokumly dökün henize çenli galyndy hasaplanyp gelindi. Munuň hem sebäbi bar. Guş dersini alaga topraga dökün edip ulanyp bolanok. Ol juda güýçli, ekine zyýan ýetirmegi ahmal. Şonuň üçin hem guş dersini gaýtadan işläp, gerekli garyndylar bilen baýlaşdyryp ulanmaly.

Ýene bir gyzykly maglumaty paýlaşalyň! Gözenekde saklanan uly guşdan bir ýylda 70, jüýjesinden bolsa 35 kilograma çenli ders ýygnanýar. Eger olar erkin ýagdaýda gezseler, uly guşuň bir ýyldaky dersi 10 kilogramdan geçmeýär. Guş dersinde demir, sink, marganes, kobalt ýaly mikroelementler saklanýar. Bu mikroelementleriň esasy mukdary suwda ereýän halyndadyr. Ýöne şeýle ýokumly döküni gaýtadan işlemän, uzak saklamak onuň ýokumlylygyny azaldýar. Söhbetdeşimiziň hem aýdyşy ýaly, ýarym suwuklyk halyndaky guş dersi meýdan şertlerinde 5 aýyň dowamynda saklananda, onuň düzüminden 27-den 44 göterime çenli fosfor, 52-den 82 göterime çenli azot we 44 göterim kaliý ýitirilýär. Şonuň üçin ýaş alym ony derhal gaýtadan işlemegiň tarapdary.

Iş nähili amala aşyryldy?

– Guş dersiniň gaýtadan işlenilmegi netijesinde, ekologiki arassa organomineral dökünleriniň alnyş usulyny işläp düzmekde çig mal hökmünde broýler towugynyň dersi, Magdanly – Köýtendag sebitiniň Durnaly meýdançasynyň fosforit magdany ulanyldy we olaryň aýry-aýrylykda himiki düzümi kesgitlenildi – diýip, ýaş alym gürrüň berýär. – Tejribehana şertlerinde ylmy-barlag işleri geçirilende, ilki bilen, towuk dersi gaýry galyndylardan arassalanyldy, galyndy hökmünde çykýan towuk ýelekleri mineral kislotalarynyň ergininde 80-90 derejede eredildi, alnan kislotaly ergin gaty-sowuk gatnaşykda taýýarlanylan, ownadylan goýy towuk dersli garyndy bilen 30 minutlap garyşdyryldy. Soňra üwelen fosforit magdany goşuldy hem-de garyndynyň wodorod görkezijisi 5-6,5 aralygyna çenli ýetirildi. Alnan garyndynyň düzümindäki artykmaç suwuklyk açyk gapda umumy çyglylygy 65 göterime ýetýänçä suwsuzlandyryldy. Alnan dökün granulirlenildi we guradyldy. Organomineral dökünleriň talabyna laýyklykda, towuk dersiniň düzüminde azot, fosfor, kaliý elementleriň hem-de umumy organiki maddanyň ýeterlik derejede saklanýandygyny nazarda tutup, barlaghana şertlerinde ylmy esasda ekologiki arassa organomineral dökünleri alyndy.

Ýaş alym ylmy-barlag işini barlaghana şertlerinde – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň akkreditirlenen «Fiziki-himiki seljermeler we güwänama» bölümine degişli tejribehanada alyp bardy. Ol bu ýerde organomineral döküniniň iki görnüşini taýýarlady. Olaryň düzümi boýunça seljermeler geçirilip, birinji usul boýunça alnan döküniň toprak we hasyl üçin has ýaramly boljakdygy anyklanyldy.

Ýaş alym indi bu işi durmuşa geçirmegiň aladasynda. Ol ylmy işde alnan maglumatlar boýunça «Täsiri uzak wagtlap dowam edýän organomineral dökün» we «Guş dersini gaýtadan işlemegiň usuly» atly oýlap tapyşlaryny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gulluguna seljermäge tabşyrdy. Degişli ygtyýarnama berilse, bu önümçiligi «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Maryazot» kärhanasynda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Munuň üçin ol mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda kärhanada ýörite bolup, ýerli mümkinçilikleri hem öwrendi.

Türkmenistanda ilkinji gezek

Islendik işiň iň ähmiýetli tarapy onuň netijesinde. Şonuň üçin hem ýaş alym Kadyr Amanowyň ylmy gözlegleriniň netijelerine-de nazar aýlalyň!

Onuň özi gelnen netijeleri ýedi bölüme bölüpdir. Olaryň ilkinjisi guş dersiniň mineralogiki düzümidir. Ol dersiň düzüminde azot, fosfor, kaliý ýaly ýokumly minerallaryň ýeterlik mukdarda bardygyny ýüze çykardy. Edil şonuň ýaly hem, ýaş alym özi we beýleki ýaş himikler üçin fosforit magdanynyň mineralogiki düzümini öwrendi. Ikisini tejribehana şertlerinde birleşdirip hem, oba hojalygy üçin ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünini almagyň usulyny işläp düzdi. Bu döküniň mineralogiki düzümini öwrenip, towuk dersini haşal otlaryň, gelmintleriň tohumlaryndan arassalady. Şeýlelikde, umumy azodyň mineral kislotalaryň erginleriniň hasabyna ýitgisiniň öňüni almak başartdy. Iň esasy netije bolsa, talyp ýigidiň Türkmenistanyň şertlerinde ilkinji gezek guşçylyk toplumlarynda emele gelýän galyndylary gaýtadan işläp, galyndysyz tehnologiýanyň esasynda ekologiýa taýdan arassa, ykdysady taýdan amatly, topragy gurplandyryjy organomineral döküni almagy başaranlygydyr.

– Geçiren ylmy işimiziň netijesinde alnan ekologiýa taýdan arassa organomineral döküniniň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň tejribe agromeýdançasynda topragy gurplandyrmaga täsiri öwrenildi. Bu maksat bilen ilki tejribe agromeýdançasynyň topragynyň gumusynyň mukdary kesgitlenildi. Soňra ol topraga organomineral döküniniň kesgitli mukdary berildi. Her hepdede topragy suwarmak we ýumşatmak işleri geçirilip, her üç aýdan soň ýene-de toprakdan nusgalyk alyp, onuň himiki barlagy geçirildi. Netijede, topragyň gumusynyň mukdarynyň artýandygy ýüze çykaryldy – diýip, ýaş alym alnan netijeler barada guwanyp gürrüň berýär.

Sanasaň, sogaby bar...

Şu iş bilen bagly ýene bir gyzykly maglumat, has dogrusy, maglumatlar bar. Olar hem talyp ýigidiň öňe sürýän teklipleri. Birinjiden, ol bu organomineral döküni topragyň ähli görnüşlerinde ulanyp bolýandygyny kepillendirýär. Bir ýyl ulanylan dökün diňe şol ýyla däl, 3-4 ýyllyk hasyla täsirini ýetirip biler. Üstesine-de, ol topragy iýmit maddalary bilen baýlaşdyrýar. Käbir döküni suw toprakdan ýuwup, aýryp bilýär, ýöne organomineral dökünler babatynda bu ýagdaý beýle däl. Dökün topragyň bagryndan «berk ýapyşyp», ähli ýokumyny oňa bagyşlap durýar. Organomineral döküniň toprakda gumus ýetmezçiligini aradan aýyrmak, hasylyň mukdaryny artdyryp, hilini ýokarlandyrmak, daşamak we satmak babatynda amatlylyk, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmak ýaly mümkinçiliklerini hem ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşup bileris.

Dowamy bar...

Hawa-da, ylym bir düýpsüz umman. Çuňlugyna näçe aralaşsaň, aralaşybermeli. Ýaş alym Kadyr Amanow hem, göräýmäge, gözleglerine nokat goýan ýaly. Maksada ýetildi, gözlenilýän dökün alyndy. Ýöne onuň özi bu pikirimiz bilen ylalaşanok. Ol indi bu döküniň düzümini has baýlaşdyryp, ýokumlylygyny mundan-da artdyrmagyň aladasynda. Bu barada eýýäm ilkinji gözlegleri hem amala aşyrypdyr. Kim bilýär, bir gün ylym jemgyýetçiligi Türkmenistanda guş dersinden taýýarlanan dökün baradaky söhbedi şu günki talyp ýigit bilen baglanyşdyrar. Ýöne häzir ol diňe ýaş alymlyk bilen kanagatlananok. «Ýylyň talyby» bäsleşigine hem taýýarlanýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25-nji ýylynda talyplygyny ýaşlaryň arasyndaky ylmy bäsleşigiň ikinji orny bilen bezän Kadyra, belki, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda has uly üstünlikler hem nesip eder. Ýöne ýokarky maglumatlarda hem okan döküniňiziň öndürilip başlanmagy onuň ykbalynyň iň uly üstünligi bolar.

Agageldi ITALMAZOW,

žurnalist.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2021 | 20208 okalan

Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda.

24 Mart 2021 | 24851 okalan

Günbatary maýyl eden sungat