NURANA GELJEGIŇ ÖZENI

23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda geçirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz wideoaragatnaşyk boýunça, ilki bilen, orta we ýokary hünär bilim edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamak baradaky Düzgünnamany taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabaty diňledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny, şol sanda onuň döwlete dahylsyz bölegini işgärler bilen üpjün etmegiň wezipelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, zähmet bazarynyň talaplary bilen baglylykda, uçurymlary işe ýollamak hakynda taýýarlanylan Düzgünnamanyň ähli bölümlerini ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça tabşyryklary bermek bilen, ýertitremeleriniň öňüni almak we täsirlerini peseltmek babatda ilatyň habarlylygyny gowulandyrmagyň hem-de degişli düzümleriň mümkinçiliklerini berkitmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimize göni wideoaragatnaşyk arkaly saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde we onuň garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olara garşy göreşmek boýunça ikinji halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilata edilýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek hem-de keselleri bejermekde ýöriteleşdirilen kömege elýeterliligi artdyrmak, lukmançylyk edaralary üçin hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada-da habar berildi.

Soňra hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şu ýylyň 10-12-nji fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Pet­ro­tech — 2019» at­ly hal­kara nebit we gaz sergisine hemde maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu uly maslahata dünýäniň iri kompaniýalaryny Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak maksadynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga hemde dünýäniň energiýa ulgamyna depginli goşulyşmaga gönükdirilendigini nygtady. Bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri dünýäniň beýleki döwletleri hem-de işewür toparlary bilen hoşniýetli erk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz möwsümleýin gyş we ýaz ygallaryny hem-de sil suwlaryny netijeli peýdalanmak, obasenagat toplumynyň hajatlary üçin zerur bolan ätiýaçlyklary döretmek maksady bilen, suw howdanlarynda suw ýygnamak üçin degişli çäreleri görmegi, suwy rejeli peýdalanmagy, suwarmagyň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalaryň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmagy, şeýle hem täze gidrotehniki desgalaryň, suw süýjediji desgalaryň hem-de arassa agyz suwuny öndürýän zawodlaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrine tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz degişli düzümiň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan hem-de dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryň we köpugurly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýüzünde giňden ýaýmaga, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän medeni çäreleri geçirmek babatda aýratyn tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri, Garaşsyz ýurdumyzyň ähli halkyna bolsa şy­ga­ry «Türk­me­nis­tan — ro­waçlygyň Watany» bolan ýylymyzda gülläp ösüşleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

26.01.2019ý.