25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şeýle hem bu düzümleriň 2019- njy ýylda öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeler hem-de esasy çäreler kesgitlenildi.
Ir bilen milli Liderimiz Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň binasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri hasabat berdi. Soňra Içeri işler ministri, Goranmak ministri, Ýokary kazyýetiň başlygy, Baş prokuror, Döwlet serhet gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň adalat ministri, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory dagy degiş li düzümlerde hasabat döwründe geçirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, döwrüň talaplaryna laýyklykda olaryň hünärini, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiz geljekde hem goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we tejribesini artdyrmak, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işleri dowam eder diýip, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz durmuşyň ähli ugurlarynda şahsyýetiň, jemgyýetiň hemde döwletiň jana-jan bähbitlerini goramakda, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça Milli howpsuzlyk ministrliginiň wajyp orny barada aýdyp, türkmen jemgyýetiniň parahatçylykly, döredijilikli durmuşynyň binýadyny, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ykdysady we ruhy taýdan rowaçlanmagynyň möhüm şerti hökmünde milletiň agzybirligini hem-de jebisligini berkitmegiň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, döwrüň talaplaryna laýyklykda olaryň hünärini, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiz geljekde hem goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we tejribesini artdyrmak, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işleri dowam eder diýip, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz içeri işler edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we Içeri işler ministrliginiň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisine ýurdumyzda hukuk tertibiniň hem-de kanunçylygyň ýokary derejede berjaý edilmegini, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak bu edaranyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurdaky işleri güýçlendirmelidigini belledi. Yzygiderli geçirilýän öňüni alyş çäreleri oňyn netijeleri berýär, olara ähli düzümler — lukmançylyk we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem türkmen jemgyýetinde çuňňur sarpalanylýan adamlar hökmünde durmuş paýhasyndan ýüki ýetik bolan ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşýarlar diýip, milli Liderimiz wagyznesihat işlerini hemişelik esasda geçirmegi tabşyrdy.
Giňişleýin mejlisiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permana hem-de «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna we işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakyndaky» Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Permanlara gol çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hut özi degişli nyşanlary gowşurdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde şeýle hem beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
29.01.2019ý.