GÖWÜN AT ÜSTÜNDE GANAT BAGLADY

Dynç güni irden hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi, şeýle hem Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy. Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Gözelligi we syratlylygy bilen tapawutlanyp, eýesiniň islegini gözünden aňýan bedewler özüne bildirilýän mähre mähribanlyk bilen jogap berýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen döwlet Baştutanymyz ilki bilen ýaşlara ajaýyp görelde görkezýär. Milli Liderimiz sport bilen meşgullanyp, ynha, ýene-de nobatdaky gezek beden taýýarlygyny görkezdi. Ýurt Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjegine geldi. Bu ýerden ak mermerli binalary özünde jemleýän Aşgabadyň ajaýyp keşbi açylýar. Gyş paslynyň ahyrky aýynyň jana tenekar arassa dag howasy, täsin tebigy görnüşler, dünýäniň gözel şäherleriniň hatarynda tanalýan paý­ tagtymyzyň günsaýyn özgerýän keşbi aýratyn täsir galdyrýar. Bularyň hemmesi ruhuňy belende göterip, güýç-gaýratyňy artdyr­ ýar hem-de beýik işlere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenjini tamamlap, daşky gurşawyň gözelligini, tebigatyň ajaýyp künjegini synlady. Bu ýerde döredilen, çäkleri ýylsa­ýyn giňelýän tokaý zolaklarynda geçirilen işler bilen tanyşdy.

Soňra bolsa Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Köpetdagyň eteginde ýerleşen Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäniň saýlama atlary üçin ajaýyp şertler döredildi. Bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň döreden gözelligine örän mähirli garalýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýerde behişdi bedewleriň tohumynyň arassalygyny saklamak, olaryň beden gurluşyny kämilleşdirmek hem-de baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ol ýerde Ruhubelent atly bedew bilen didarlaşdy. Bedew eýesini dessine tanap, gulaklaryny keýerjekledip, başyny belent tutup, Gahryman Arkadagymyzyň ýanyna geldi.

2017-nji ýylyň başynda dünýä inen taýçanaga Gahryman Arkadagymyz Ruhubelent adyny dakypdy. Bedew häzir iki ýaşynda. Hormatly Prezidentimiziň seýisçilik zehini we mähri bilen gurşalan. Ruhubelent mähirli garaýşy duýup, döwlet Baştutanymyzyň elleriniň her bir hereketine, sesine diňşirgenip, özü­ ni arkaýyn duýdy. Şeýle pursatlarda asyrlaryň dowamynda ynsan bilen atyň arasynda emele gelen hem-de milli atçylygyň we atçylyk sportunyň ösüşiniň täze döwrüniň esasyna öwrülen içerki arabaglanyşygyň manysyna akyl ýetirýärsiň.

Ruhubelendiň nesil ugry ady rowaýata öwrülen meşhur Pereňden gaýdýar. Bu nesil ugrunda dünýä belli atlaryň birnäçesi bar. Olaryň biri hem meşhur ahalteke bedewi bolan Polatlydyr. Öz döwründe owadanlykda hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk Polatly dünýäniň dürli ýurtlarynda ençeme çempionlyk derejelerini hemde baýraklary eýeledi. Ol dünýä rekordyny gazanyp, köp ýyllaryň dowamynda oňa taý gelen bedew tapylmady.

Milli Liderimiz Ruhubelende esger ýörişini etmegini yşarat edende, bedew eýesiniň bu sözlerine düşünýän mysaly, belent ruh bilen nyzamly ýörişi amala aşyrdy.

Bu görnüşler ynsan bilen behişdi bedewleriň özara mähirli gatnaşygyny ýene-de bir sapar äşgär etdi.

Tejribeli seýisleriň belleýişleri ýaly, atşynas bilen bedewiň arasyndaky özara mähir-muhabbet edil ataly-ogluň özara hormat-sylagy ýaly berk bolýar. Şeýlelikde, eýesiniň islegini gözünden aňýan bedewler özüne bildirilýän mähre mähribanlyk bilen jogap ber­ ýärler. Ruhubelendiň Gahryman Arkadagymyzyň yşaraty boýunça çarpaýa galmagy munuň aýdyň mysaly bolup, ajaýyp pursatlara öwrüldi. Soňra hormatly Prezidentimiz Miras atly bedewde çapuw ýodasyna çykdy.

Milli Liderimiz Miras bilen ýola düşüp, at münmegiň ajaýyp endiklerini nobatdaky gezek görkezdi. Döwlet Baştutanymyz atly ýöräp barşyna, tebigatyň gözelliklerini synlady.

Ahalteke bedewi täze döwrüň — ylham-joşgunly ruhubelent döwrüň maksatlaryny özünde jemleýän ajaýyp nusga bolup, onuň hereketi ösüşleriň we täze ýeňiş­leriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly ösüşini aňladýar.

“Nesil” gazeti,

05.02.2019ý.