NETIJELI ÖZGERTMELERIŇ AJAÝYP MIWELERI

Dün­ýä­de bazar gatnaşyklarynyň döremegi we ösmegi halk hojalygynyň düzüminiň üýtgemegine gönüden-göni öz täsirini ýetirdi. Şeýle täsirleriň netijesinde syýahatçylyk ykdysadyýetiň aýratyn pudagy hökmünde ykrar edildi. Häzirki wagtda syýahatçylyk ykdysadyýetiň girdejili pudagy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen şertleri, şypahanalary jahankeşdeleriň arasynda meşhurlyga eýe bolýan syýahatçylyk ugurlary hökmünde görkezmek ýerlikli bolar. Hazar sebitinde ýerleşýän milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň bu ugry ösdürmäge möhüm geosyýasy mümkinçiligi bardyr. Sebitiň gadymy taryhy, kö­pöwüşginli medeniýeti, baý tebigy serişdeleri syýahatçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmi­ ýet berer. Gojaman Hazaryň boý­nunda «Awaza» şypahanasynyň hem-de akwaparkynyň açylmagy syýahatçylygyň sazlaşykly ösüşiniň üstüni ýetirdi.

Italiýanyň «Rai 3» teleýaýlymynyň mähriban Diýarymyzy 2018-nji ýylyň iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hökmünde atlandyrmagy ýurdumyzyň bu pudagynyň depginli ösýänliginiň halkara derejesindäki ykrarnamasy boldy. Bu bolsa eziz Watanymyz üçin uly mertebedir. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan köpugurly özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir.

Biziň bäş müň ýyllyk taryhymyz barada maglumatlary özünde saklaýan gymmatly ýadygärliklerimiz, gaýtalanmajak gözelligi we täsinligi bilen tapawutlanýan Garagum sähramyz, köpöwüşginli gözel tebigatymyz daşary ýurt syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Gadymy Merwi, Uly we Kiçi Gyzgalany, Sol­tan San­ja­ryň, Te­ke­şiň, Tö­re­beg ha­ny­myň, Nej­med­din Kub­ra­nyň kümmetini synlanyňda taryhyň gatlaryna syýahat eden ýaly bolýarsyň. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Uly Gyzga­la ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mirasynyň desgalarynyň hataryna girýär. Bu binagärlik ýadygärligini gorap saklamak boýunça türkmen-amerikan taslamasy tamamlandy. Tas­la­ma 5 ýy­lyň do­wa­myn­da Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçiler gaznasy» Halkara maksatnamasynyň çäklerinde Diýarymyzda ilkinji iri göwrümli grantyň serişdeleriniň ha­sa­by­na ama­la aşy­ryl­dy. Türkmen hünärmenleri bu ýerde Beýik Britaniýanyň, Polşanyň we Fransi­ ýanyň bilermenleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda zähmet çekdiler.

Ge­çen ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýip atlandyrylmagy bilen taryhda Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da esasy merkez bolan ýurdumyzyň şöhraty täzeden arşa galdy. Bu gadymy ýoldan geçip, onuň ajaýyplyklaryny görmek isleýän dünýä jahankeşdeleriniň köp sanlysy ýurdumyzyň arzyly myhmany boldy. Olar Di­ýa­ry­my­zyň ta­ry­hy, ar­heologik ýadygärlikleri, halkymyzyň milli mirasy, däp-dessurlary bilen içgin tanyşdylar.

Türk­me­nis­ta­nyň Sy­ýa­hat­çylyk baradaky döwlet komitetiniň we ýurdumyzyň döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri Diýarymyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikleriň çäklerinde dünýäde geçirilýän halkara syýahatçylyk sergilere we ýarmarkalara gatnaşdylar. Daşary döwletleriň iri syýahatçylyk kompaniýalary bilen ikitarapla­ýyn şertnamalar baglaşdylar we bu ugurda hyzmatlaryny hödürlediler. Şunuň bilen baglylykda, Pekin­de Türk­me­nis­ta­nyň «Ýü­pek ýoly» wiza hyzmat merkeziniň açylmagy bellärliklidir.

Ýur­du­my­za gel­ýän da­şa­ry ýurtly syýahatçylary garşylamak, ýurdumyzyň medeni-taryhy gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak, gadymy ýadygärliklerimize, täsin tebigy gözelliklerimize gezelenç­leri guramak, olar barada doly we takyk maglumatlary berip biljek öz işine ussat, ýokary taý­ ýarlykly hünärmenleriňdir ýolbelet-terjimeçileriň paýyna düşýär. Şol sebäpli ýurdumyzda ýaşlary bu ugurda taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işine uly üns berilýär. Muňa «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­lyk ýol­be­let­le­ri­ne Ýü­pek ýo­lu­na de­giş­ li mirasy öwretmek» ady bilen iki tapgyrda geçirilen okuw maslahatyny hem mysal getirmek bolar. Okuw mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­synyň (ÝU­NES­KO) sebitleýin wekilhanasynyň Syýahatçylyk ýolbeletleriniň birleşikleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (WFTGA) bi­ler­me­ni ha­nym Wressning Feliçita tälim berdi. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen okuwlara gatnaşan we synaglary üstünlikli tabşyran diňleýjiler syýahatçylyk ýolbeletleriniň halkara şahadatnamasyna mynasyp boldular.

Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, soňky ýyllarda Aşgabat şä­he­ri­miz Or­ta Azi­ýa­nyň mer­je­ni hökmünde ykrar edilip, ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň we işewür adamlaryň sany barha artýar. Bu bolsa ýurdumyzda myhmanlaryň oňat dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň dö­redilýänliginden, ata Watanymyzda mähriban halkymyzyň asuda, parahat döwletde ýaşaýanlygyndan nyşandyr.

“Nesil” gazeti,

07.02.2019ý.