KÄMIL KANUNLY DÖWLET

Hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli, oýlanyşykly özgertmeler, ilkinji nobatda, berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga, zähmetsöýer halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolup durýan ýaş nesillerimiziň röwşen geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ylym, bilim, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, oba hojalygynyň, ýangyç-energetika toplumynyň hem-de milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan beýleki pudaklary halkara ülňüleriniň derejelerine ýetirilýär. Üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler mynasyp beýanyny tapýar. Şunuň ýaly guwandyryjy özgertmelerden ruhlanýan, ýurdumyzyň dünýä dolan abraý-mertebesine tüýs ýürekden buýsanýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän oýlanyşykly, anyk mümkinçiliklere we ylmy esaslandyrmalara daýanýan beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmeginde döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz «Türkme­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýylynyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşygynda tutuş jemgyýetçilik durmuşymyzda, halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgularyny döredýän hem-de Diýarymyzyň dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdu­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenilen bu başlangyçlar «Türkme­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýylynda gazanyljak ýokary netijeleriň berk binýady bolup hyzmat eder.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň, daşary ýurt maýadarlarynyň maýa goýum şertlerini döretmek boýunça kanuny taýdan üpjün etmegiň, döwrebap kärhanalary döretmegiň, hususy telekeçiligi ösdürmegiň, bazar gatnaşygynyň ösüşine görä ykdysadyýeti ösdürmegiň we bular babatda kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz duşuşygyň dowamynda alymlaryň alyp barýan işine aýratyn üns berilmegini aýdyp, ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy baradaky kanuna hem seljerme bermekligi tabşyrdy. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda elektron ýazgylarynyň, resminamalaryň, haryt nyşanlarynyň kanun taýdan kabul edilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Dürli pudaklarda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi, işiň käbir görnüşlerini we standartlaryny kanunlaşdyrmagy, ýaşlary goldamak baradaky kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmegi, halkara tejribäni öwrenip, milli mirasymyzy göz öňüne tutmak bilen, degişli işleri dowam etdirmegi hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz ýaşlary goldamak üçin ýaş nesli terbiýelemekde hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işi alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kanunlaryň onusynyň üstünde aýratyn işlemegi tabşyrdy. Bularyň ählisi, ilkinji nobatda, bagtyýar ýaşla­ry­my­zyň ata Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly, ajaýyp zamanamyza mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksadyna gönükdirilendir. Ýaş hünärmenleriň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatdaky tagallalary hem muňa mysal bolup biler. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, bu ugurdaky kanunlary kämilleşdirmek hem deputatlaryň mundan beýläk-de üns merkezinde bolar.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlary bilen bolan taryhy duşuşygynda daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň etraplarynyň, welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk taýdan bölünişini kämilleşdirmek boýunça degişli çözgütleri kabul etmek, ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly anyk teklipleri hem orta atdy. Bu teklipler ýurdumyzy ykdysady taýdan berk binýatly, abadan hem-de ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr. Hukuk binýady döwletiň durnuklylygyny kesgitleýär, jemgyýetiň we her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň abadançylygy üçin şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän şunuň ýaly oňyn oýlanyşykly başlangyçlary «Türkmenistan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da biz — deputatlaryň alyp barjak işlerimizde esasy ýol görkeziji çyrag bolup hyzmat eder. Mil­li Li­de­ri­mi­zi biz — de­pu­tat­la­ryň öňünde goýýan jogapkärli wezipelerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň we eziz Wa­tanymyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmelere saldamly goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdigimize ynandyrýarys. Hormatly Prezidentimiziň döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!

Ýazpolat KE­RI­ÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil” gazeti,

09.02.2019ý.