Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýanwar aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem mejlisde käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şeýle hem sanly ulgama geçmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin anyk işler ýerine ýetirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek wezipelerine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz nebitgaz pudagynda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygy barada aýdyp, munuň geologiýa-gözleg işleriniň, has çuň gatlaklarda ýerleşen ýangyç ýataklaryny işläp taýýarlamagyň, dowamly ulanylýan känleriň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Nebitgaz pudagyny innowasion taýdan ösdürmek, «düşbi guýularyň» we «sanly ýataklaryň» taslamalaryny hasaba almak bilen pudaklaýyn ylmy edaralaryň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz gyş döwründe ýagynyň köp ýagmagy netijesinde, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagynyň mümkindigini aýtdy. Munuň özi suwlaryň lagym ulgamy ýa-da beýleki dürli ulgamlar arkaly jaýlaryň ýerzemin gatyna geçmegine getirer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle ýagdaýyň öňüni almak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şäherde binalary we desgalary gurýan kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň şeýle tebigy ýagdaýlara aýratyn üns bermegini, taslamalar düzülende zerur talaplary berk berjaý etmegini gazanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýagyn hem-de sil suwlaryny netijeli peýdalanmak boýunça ylmy esasda zerur işler alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu işleri degişli derejede ýola goýmagy wise-premýerden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda giň gerimli işleriň gurluşyk toplumyny senagatlaşdyrmaga, döwrebap ulag düzümini döretmäge, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmäge hem-de eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmaga, ýaşaýyş jaý gurluşygy, sebitleri özgertmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilendigini nygtady.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek, sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler çözülýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, ähli ugurlar, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş toplumlaryny, şolaryň ýanaşyk ýerlerini we beýlekileri abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer şu ýylyň 11-14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi. Şol ýerde türkmen wekiliýeti türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gazanylan görkezijileriň söwda toplumynyň edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň eýeleýän möhüm orny barada aýdyp, Berlinde geçiriljek türkmen-german işewürlik maslahatynyň bu ugurda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de netijeli gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirip, degişli resminama gol çekdi we ony sanly aragatnaşyk arkaly wise-premýere ugratdy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet ideologiýasyny döretmegiň, medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda bu ugurda kemala gelen maddy-enjamlaýyn binýadyň doly hem-de netijeli ulanylmagynyň, halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň wagyz edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de şolara täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň mazmunynyň we ähmiýetiniň döredijilik taýdan açylyp görkezilmegi üçin wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe beýleki möhüm meselelerine garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
12.02.2019ý.