Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habar bilen başlady.

Soňra Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň barşy bilen gyzyklandy. Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitiň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsüminiň başlanandygyny, oragyň depgininiň günsaýyn ýokarlanýandygyny habar berdi.

Soňra iş maslahatynda Bäherden etrabynyň häkimi D.Hojaýew, Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew, Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Kaka etrabynyň häkimi P.Orazow, Tejen etrabynyň häkimi G.Baýgeldiýew, Babadaýhan etrabynyň häkimi P.Işangulyýew, Sarahs etrabynyň häkimi G.Ýazgulyýew etrapda guşgursak ak bugdaýy ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaýy gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almagy dowam etdirmegi, galla oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, galla kabul ediş nokatlarynda bugdaý hasylynyň önüm öndürijilerden bökdençsiz kabul edilmegini guramagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara galla oragyny geçirmekde hem-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi we edermen ekerançylarymyzyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerine hem-de döwlet harmanyna bereketli bugdaý hasylyny tabşyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

Meňzeş habarlar

10 Maý 2024 | 0 okalan

ŞYGRYÝET AGŞAMY GEÇIRILDI

10 Maý 2024 | 0 okalan

TOÝ SADAKASY BERILDI

10 Maý 2024 | 7 okalan

YLMY-AMALY MASLAHATYŇ JEMI JEMLENDI