«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşlere beslenýär. Sazlaşykly ösüşleriň her bir ugry döwletimiziň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanýandygyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulanýandygynyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçen hepdedäki ýurdumyzda bolup geçen wakalar hem ata Watanymyzyň öňegidişliklerini kesgitleýän görkezijileri beýan etdi. Biziň döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynda şöhlelenmek bilen, ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmek, ähli pudaklary doly döwrebaplaşdyrmak, olara ylmyň we ýokary tehnologiýalaryň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, ilatyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek ýaly ugurlar bar.
Milli Liderimiz 29-njy aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda gowaça ekişiniň barşy, galla ýygymyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň we gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy ýaly wezipeler girizildi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere we häkimlere halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda Oba milli maksatnamasynyň, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ilkinji derejeli ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Hepdäniň sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny mundan beýläkde pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, kanunçylygy, hukuk tertibini, türkmen topragynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, prokuror gözegçiligini, gümrük çärelerini işjeňleşdirmek, döwlet migrasiýa syýasatyny amala aşyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabatlar berildi. Hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrylýan goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny we onuň degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň möhüm ugrunyň bolmalydygyny belleýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ähli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň döwrebap gulluk we ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi, hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
2-nji maýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi geçirildi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda oňyn ösüşiň üpjün edilendigi aýdyldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Geçen dört aýyň dowamynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça 103,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 107,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe senagat we kommunikasiýa toplumlaryny ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan hyzmatlar etmek hem-de önümleri öndürmek boýunça meýilnama 112.4 göterim berjaý edildi, şunda ösüş depgini 117,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy ýanwar-aprel aýlarynda 100,8 göterim berjaý edilip, 105 göterim ösüş depgini gazanyldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň möçberi 17,9 göterim artdy, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,1 göterim ýokarlandy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda senagat önümleriniň möçberi 28,3 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 4,6 göterim artdy. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolan telekeçiligiň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň dört aýynda telekeçileriň öndüren azyk önümlerini eksport etmegiň möçberi 16,2 göterim, senagat harytlarynyňky bolsa 9,2 göterim ýokarlandy.
Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 76-synyň, 205.4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň birnäçesiniň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz sanlaşdyrmak hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik boýunça kärhanalary döretmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleri, şol sanda elektrik energiýasyny eksporta ibermegiň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini has doly ulanmak, täze açylýan uglewodorod känlerini tiz özleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz durmuş abadançylygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegi ileri tutulýan ugur bolup durýandygy bilen baglylykda, sebitlerde döwrebap durmuş-ýaşaýyş düzümlerini döretmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu ugurda işleriň hiliniň ýokary bolmagynyň, olaryň öz bellenen möhletlerinde tamamlanmagynyň, täze gurluşyklaryň halkara ölçeglerine laýyk gelmeginiň esasy talaplardygyny nygtady.
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn pajarlap ösýän döwletimiziň syýasy, ykdysady we demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
“Nesil” gazeti,
07.05.2019ý.