Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine ýetirmek barada uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýurt baştutanlygynda dowam edýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe gurýan, döredýän merdana halkymyz döwletimizde ilatyň saglygyny goramakda bitirilýän işlere, gazanylýan üstünliklere buýsanýarlar. Welaýat merkezlerimizde gurlup ulanylmaga berlen dünýä lukmançylygynyň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan keselleri anyklaýyş we bejeriş merkezleri hem amala aşyrylýan şeýle uly işleriň hatarynda görkezmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň baş baýlygy bolan saglygy barada edýän bimöçber aladasy, ylym-bilim babatdaky ägirt uly işleri, saglygy goraýyş pudagynda zähmet çekýän her bir raýatymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleri bolsa, ýurdumyzyň esasy pudagy bolan saglyk ulgamynyň işgärleriniň işini has-da kämilleşdirmäge, düýpli öwrenmäge ylmy-usulyýet esasyny döretdi.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslalahatynyň başlygy,Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan diňe bir lukmanlaryň, saglyk ulgamynyň işgärleri üçin däl-de, eýsem, ýurdumyzyň giň okyjylar toparyna niýetlenen.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitabyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitap türkmen ösümlik dünýäsiniň özboluşly ensiklopediýasy bolmak bilen, şu geçen ýyllaryň içinde diňe ýurdumyzyň derman senagaty işgärleri we lukmanlary üçin däl-de, eýsem, kitabyň dürli dillere terjime edilmegi netijesinde, onuň bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolan daşary ýurtly hünärmenler üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanma öwrüldi.
Ilatyň saglygyny baş baýlyk hasaplanýan eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanýar diýip, biz bu gün buýsanç bilen aýdyp bileris. Şeýle rowaçlygyň gazanylmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Gülbahar BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Balkanabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.