“Saglyk - Iň Uly Gymmatlyk”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, toýdur baýramlara, şanly senelere, uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Ine şeýle şanly seneleriň biri bolsa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň XIV jildi çapdan çykdy. Bu bolsa ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor lukman Arkadagymyzyň ulgamyň işgärleri üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Şu ajaýyp taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň XIV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Çykyş edenler kitabyň täze jildinde sahawatly jana melhem türkmen topragymyzda ösýän 118 sany dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Ýörän ýoly ýörelge, her bir işde görelde bolýan Alym Arkadagymyz kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belleýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikirini öňe sürýär diýip belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň XIV jildigüneşli diýarymyzda sagdyn durmuşyny wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman ilatyň saglygyny gorap saklamakda, lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyp ýaşlara kämil bilim bermekde, olary ylma ugrukdyrmakda, ýiti zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda hem uly ähmiýete eýe bolan keramatly topragymyzda bitýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle hem, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan nobatdaky ägirt uly goşandydyr diýip nygtap geçdiler. Dabaranyň ahyrynda bolsa Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza welaýatymyzyň ähli bagtyýar ýaşlarynyň adyndan alkyşlar aýdyldy.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR