Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, gazanylýan üstünliklere beslenip, hemmämiziň kalbymyzda öçmejek yz galdyrýar. Çünki olaryň ählisi Watanymyzyň has ösen, kuwwatly döwlete öwrülmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýene-de ýokary göterilmegine ýol açmak bilen Hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň ajaýyp netijeleri berýändigini subut edýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň özgermegini maksat edinýän işler halkymyzyň eşretli hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky üns-aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriniň üstünliklere beslenmegi netijesinde oba hojalyk önümleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Ýurdumyzyň “Ak altyn” ussatlarynyň üstünligi öňki ýyllardakydan has tapawutlandy. Daýhanlaryň ajaýyp zähmet ýeňişleri “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň kärendeçiler üçin döredýän amatly şertleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny ýene-de bir sapar bellemek artykmaçlyk etmez. Çünki daýhanlaryň tohum, dökün, tehnika, suw we beýleki serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilmegi bir tarapdan hasyl ýetişdirmekde her bir zerur çäräniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan olaryň öz işlerine bolan yhlaslaryny, höwes-hyjuwlaryny güýçlendirýär. Bu zatlaryň bolsa üstünligiň açarydygy hemmelere mälimdir. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň netijeli bolmagynyň diňe bir olaryň özlerine däl, eýsem daýhan birleşigimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň goldawlaryna hem baglydygyna oňat düşünýäris. Şoňa görä-de biz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar etrap Geňeşi, etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edermen babadaýhanlarymyzyň armasyny ýetirmek maksady bilen “Armaweriň pagtaçylar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede zähmetde tapawutlanan babadaýhanlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar etrap Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda halkymyzy toýly-döwranly günleriň eýesi eden, saçaklarymyzyň bereketli, durmuşymyzyň eşretli bolmagy ugrunda uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolmagy, şeýle, hem il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.
Baýrambike SAPAROWA,
TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri