«Türkmenistanyň Elektroenergetika kuwwaty»

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitaby ýurduň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilip halkymyza baýramçylyk sowgady boldy. Şol kitabyň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Täze kitapda Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň we olaryň ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak, döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen ýakyn baglanyşykda ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümini döretmek boýunça geçirilýän yzygiderli çäreler anyk mysallarda beýan edilýär.

Dürli fotosuratlar bilen bezelen neşirde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň energetika pudagynyň ösdürilmegini ýurduň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländigi nygtalýar. Köp sanly anyk we statistika maglumatlary getirilýär. Ýurduň umumy elektroenergetika düzüminde welaýatlaryň ösüşiniň möhümdigi bellenilýär, pudagyň okgunly ösüşine hem-de düzümleýin özgertmelerine häsiýetnama berilýär.

Biz ýaşlara şeýle ajaýyp eserleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR