Sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaçlanýar

Hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýaşamagyň, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ömrüň uzak bolmagynda, saglygyňy goramakda uly ähmiýete eýedigi subut edilen hakykatdyr. Şonuň üçinem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ýagny adama ýaramaz täsir edýän zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak, elmydama hereketde bolmak, dogry iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek wajypdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Has dogrusy, täze taryhy döwürde sagdyn durmuş ýörelgesi has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmagy, sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi baş maksadymyz hökmünde öňe sürýäris!”  Diýen sözleri muňa güwä geçýär. Ruhubelent halkymyzyň saglygynyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitlenilmegi, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi bu ugurdaky aladanyň döwlet syýasatynda esasy orunda durýandygyny görkezýär. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Serdar şäher medeniýet öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar etrap, şäher Geňeşleriniň bilelikde gurnamagynda etrap hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykda etrap hassahanasynda zähmet çekýän işjeň agzalary baýramçylyklary bilen gutlap olaryň ýeňil bolmadyk kärlerinde abraý gazanmaklaryny arzuw edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar etrap, şäher Geňeşleriniň adyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

 

Nury NURYÝEW,

TMÝG-niň Serdar etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR