Mähriban Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy, abadan we bagtyýar ýaşaýşy baradaky alada belent derejede tutulýar. Halkymyzda «Saglygym-baş baýlygym», «Il saglygy-ýurt baýlygy» diýen pähimler bar. Şol bir wagtda hem saglyk başymyz göwher täjine deňelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şulardan ugur almak bilen, ynsan saglygyny goramak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär.
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda «Berkarar döwletim şanly, şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» ady bilen gurnalan çäresi hem täsirli boldy. Çäräniň dowamynda Saglygy goraýyş ulgamynda göreldeli zähmet çeken lukmanlary we ukyp başarnygy bilen tapawutlanan ýaş hünärmenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sähragül IŞANOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.