OLAR ÝÜREKLERDE EBEDI ÝAŞAR!

6-njy oktýabr Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, hatyra güni bellenilýär. 5-nji oktýabrda Gumdag şäher medeniýet öýünde TMÝG-niň Gumdag şäher Geňeşi, Gumdag şäher häkimligi, şäher Bilim bölümi, Gumdag şäher medeniýet bölümi bilen bilelikde 6-njy oktýabr Hatyra güni mynasybetli öten-geçenleri hatyralamak, olary ýagşylykda ýatlamak maksady bilen «Olar ýüreklerde ebedi ýaşar!» ady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda TMÝG-niň Gumdag şäher Geňeşiniň başlygy Gülşat Gulyýewa şu gussaly sene mynasybetli, ýurduň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär. Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelge bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Hatyra gününde çuňňur hasrat bilen Aşgabat ýertitremesiniň şehitleri, Gökdepe galasyny gaýduwsyz goraýjylary hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlary ýatlanylýar. Halkymyzyň ahlak ýörelgesi, ruhubelentligi we gelejege bolan beýik ynamy ykbalyň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmäge medet berdi diýip çykyş etdi.

Gülşat GULYÝEWA,

TMÝG-niň Gumdag şäher

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR