«Geçmişden geljege ýagty ýadygär-medeni mirasym dünýä ýaň salýar»

Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň dowamat-dowam bolmagyna kümüş saçly enelerimiziň goşantlary ägirt uludyr. Enelerimiz özleriniň kalbynyň owadanlygyny keşdeleriň üsti bilen beýan etmek arkaly ruhy gözelligi hem döredijilerdir. Gelin-gyzlarymyz bolsa milli hünärlerimizi dowam etdirijilerdir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýatynyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleri bilen bilelikde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek, YUNESKO bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini hasda giňeltmek maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda «Geçmişden geljege ýagty ýadygär-medeni mirasym dünýä ýaň salýar»  atly şygar astynda talyp gelin-gyzlarynyň arasynda el işleriň bäsleşigini geçirdi. Bäsleşik talyp ýaşlaryň döredijilige, pederlerimizden miras galan gymmatlyklara, milli däp-dessurlarymyza bolan hormatyny has-da ýokarlandyrdy we olarda millilige bolan buýsanjy artdyrdy. Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar döredijilik bilen meşgullanmaga, milli mirasymyz bolan el işlerini öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara we bäsleşige işjeň gatnaşan gelin-gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan hormat  hatlary  we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR