“HALKYMYZYŇ BUÝSANJYDYR ALABAÝ!”

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň, Ýaşlar guramasynyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň şahamçasynyň, Balkan welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bilelikde guramaklarynda Balkanabat şäherindäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda duşuşyk gurnaldy. Balkan welaýat kitaphanasynda gurnalan duşuşyk çäresi kitaphananyň girelgesinde guralan kitaplaryň sergisinden başlandy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ylmy köp jiltli düýpli işleri hem-de häzirki zaman Türkmenistan, häzirki wagtda türkmen topragynda bolup geçýän ägirt uly özgertmeler, şeýle hem nusgawy we häzirki zaman edebiýaty barada gürrüň berýän owadan bezelen beýleki neşirler görkezildi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyna hormatly orun berilipdir. Şeýle hem bu ýerde halkymyzyň gadymy taryhy we baý medeniýeti barada gürrüň berýän şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi.

Türkmen halky tutuş taryhynyň dowamynda güýçli, gaýduwsyz, akylly, çydamly hem-de wepaly alabaýlara maşgalasynyň bir agzasy ýaly garapdyr. Mundan başga-da, olaryň häzirki günlere çenli hem öýleriň we sürüleriň ynamdar sakçylary, awçylaryň kömekçileri bolup durýandygyny bellemek gerek. Bu barada alym Arkadagymyz hem “Türkmen alabaýy” atly kitabynda “Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler”  diýip belläp geçýär. Öz arassalygyny we gadymy genotipini saklan bu tohum itleriň häsiýetli aýratynlygynyň ylmy maglumatlarda beýanyny tapýandygyny, türkmenleriň tebigy taýdan seçgiçiler bolup, ahalteke bedewi, alabaý, aw iti, tazy ýaly öý haýwanlarynyň täsin tohumlaryny ýüze çykarandyklaryny, şeýle hem ajaýyp el haly işlerini döredendiklerini, olaryň asyrlaryň dowamynda hem, şu günler hem bütin dünýäde şöhratlanýandygyny buýsanç bilen bellenilmäge mynasyp. Halkymyzyň bahasyz gymmatlygyna öwrülen alabaýlaryň dünýä şan-şöhratyny artdyrmakda hem-de olary öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň zähmetiniň orny örän uludyr.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça hut alabaý 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alyndy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň janly nyşany, milletimiziň we tutuş adamzadyň ajaýyp gymmatlygy bolan ahalteke bedewi ýaly, türkmen alabaýyna hem gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edendigini bellemek gerek. Şeýle döwletli tutumlary durmuşa geçirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe  milli gymmatlyklarymyza täzeden jan berip, halkymyzy milli ruha kybap başlangyçlar bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarly menziller dowamat dowam bolsun.

Mähriban halkymyzyň milli gymmatlygyny wagyz etmek boýunça alyp barýan köptaraply işleri, halkymyzyň abadançylygy hem-de Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri, uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Gülbahar BAÝRAMMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR