“TÜRKMEN TUGUN ARŞA GÖTEREN ÝAŞLAR”

Ýaşlyk — ömrüň iň bir arzyly döwri. Onda hyjuw bar, joşgun bar, ylham bar. Ynsan ömrüniň dowamlylygyny möwsümler bilen ölçesek, ýaşlyk onuň bahar paslydyr. Ýaşlyk ömür daragtynyň gül açan çagydyr.

Ýaşlar diýen düşünje gönüden-göni bilim düşünjesi bilen utgaşýar. Häzirki wagtda ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de onuň dünýä giňişliginde eýeleýän öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz hem halkymyz ýaşlara bil baglaýar.

Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň raýatlaryň saglygy babatda edýän tagallalary netijesinde ýurdumyzda gurlan we gurulýan halkara saglyk merkezlerinde, häzirki zaman hassahanalarynda, bejeriş-anyklaýyş merkezlerinde, şypahanalarda hem-de saglyk öýlerinde raýatlar dünýä ülňülerine laýyk hyzmatlar bilen üpjün edilýär. Ilatyň saglygy jemgyýetiň abadançylyk derejesine baha bermekde möhüm görkezijileriň biri bolup, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek, köpçülikleýin beden terbiýäni, sporty ösdürmek baradaky tagallalaryň, bu ugurda gurulýan binalaryňdyr olardaky enjamlaryň ählisi halkymyzyň saglygy üçin bitirilen we bitirilýän işlerdendir. Sanlyja ýylyň içinde gurlup ulanylmaga berlen häzirki zaman sport toplumlary ýokary derejedäki iri ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär .

Häzirki döwürde türkmen türgenleri abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler we baýrakly orunlary eýeläp, dürli derejeli medallara mynasyp bolýarlar. Geçen ýylyň 10-njy martynda döwlet Baştutanymyz türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Dünýä çempionyny sarpalamakda dabarasynda döwlet Baştutanymyz bu türgeniň ýaryşda iki sany altyn medala mynasyp bolup, sportuň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýandygyny aýratyn nygtady. Ýurdumyzda guralan we ýokary derejede geçirilen bu iri ýaryş Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny hem berkitdi.

Milli ýygyndy toparymyzyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy geçen ýylyň şanly wakalarynyň ýene biri boldy. Türkmen sportunyň täze taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly alyndy. Agyr atletikaçy Polina Gurýewa kümüş medala mynasyp boldy. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan şeýle üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy sport ýurduna öwürmek ugrunda edýän ýadawsyz tagallasynyň we oňyn başlangyçlarynyň aýdyň netijesidir. Şu ugurdan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmek we sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işleri dowam etmek maksady bilen harby gullukçylaryň we esgerleriň arasynda “Türkmen tugun arşa göteren ýaşlar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň ahyrynda çykyş edenler, Watanymyzyň halkara sport abraýynyň barha artmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän eziz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! Il-günüň röwşen geljeginiň, şol sanda türkmen sportunyň nurana ertiriniň şany-na alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuwlary etdiler!

 

Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR