Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat kitaphanasy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýanyň Balkan welaýat merkezi bilen bilelikde “Türkmen alabaýynyň” waspyny ýerine ýetirmek maksady bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat duşuşygyny geçirdi. Maslahatda çykyş edenler: Türkmen Alabaýy – biziň milli buýsanjymyz. Alabaý – biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljeki nesillere ýetirmek biziň borjumyz» diýýän Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyza müň kerem mamla! Behişdi ahalteke bedewlerimiz, nepis halylarymyz bilen birlikde, türkmen alabaýlary hem halkymyzyň milli buýsanjydyr, özboluşly gymmatlygydyr. Halkyň buýsanjyna, Watanyň baýlygyna öwrülen türkmen alabaýlaryny gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde berýän gymmatly öwüt-nesihatlary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabyny alnyň asylmaly, okamaly, öwrenmeli! Türkmen alabaýlaryna mahsus bolan edermenlik, wepadarlyk, eserdeňlik, hüşgärlik, duýgurlyk ýaly häsiýetler çuňňur pelsepewi, baý mazmunly wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Türkmen milleti alabaýlarynyň taryhyna, geçmişine ýüzlenilmegi, dünýä belli taryhçylaryň türkmen alabaýlary hakynda galdyran ýazgylaryna salgylanylmagy, halk döredijiliginden, nakyllardan, rowaýatlardan türkmen alabaýlary hakynda anyk mysallaryň getirilmegi, eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar.Türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygy, buýsanjy. Halkymyzyň milliliginde özboluşly orny eýeleýän türkmen alabaýlary sähra durmuşynda, çarwa ýaşaýşynda, çopan goşunda has-da aýratyn ähmiýetlidir.Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem–de edermenligiň alamatydyr. Halkymyz öý–ojagynyň, mal–mülküniň goraglylygyny öz hemdemi bolan türkmen alabaýyna ynanyp, köňül rahatlygyny onuň bilen paýlaşýar diýip giňişleýin belläp geçdiler.Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milliliklerimizi we taryhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, olara aýawly çemeleşmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler!
E.ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.