ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ KUWWATY

       Ýakynda TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebinde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda ýaşlarda ruhy ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, olaryň edep-ekramly, ahlak taýdan arassa, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

       Duşuşyk ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgisini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ähli taraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksadynda geçirildi.

       Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar röwşen geljege tarap ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

Rüstem HOJANEPESOW,

TMÝG -niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk

etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar