MAGTYMGULY PYRAGY – ŞYGRYÝET HÖKÜMDARY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, beýik şahyryň hem-de filosofyň döredijiligi ylmy esasda ýurdumyzda, daşary döwletlerde giňişleýin we çuňňur öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň täze joşgunda, belent ruhda ýaňlanýan şygryýeti häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň waspçysyna öwrüldi.

     Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular toplumy onuň XVIII-XIX asyrlarda ýurdumyzyň çäklerinde saklanyp galan golýazma eserlerini öz içine alýar. Biziň günlerimize gelip ýeten mirasyň bu seýrek nusgalary diňe bir türkmen halkynyň däl-de, ähli türki halklaryň, Merkezi Aziýa, Ýewropa edebiýatynyň hem gymmatlygydyr. Bu ýygyndy Magtymgulynyň golýazmalaryndan we onuň ýakyn garyndaşlarynyň, ildeşleriniň, şahyrlaryň, alymlaryň, halk bagşylarynyň dilinden ýazylyp alnan 80-den gowrak diwandan ybaratdyr. Häzirki wagtda Daşkendiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň, Stambulyň kitaphanalarynda saklanýan golýazmalaryň nusgalary-da bar. Olaryň käbiri XVIII asyra degişli kitaplardyr.

     Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly belleniler. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň teklip etmeginde, türkmeniň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebinde TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň, bagşylar toparynyň, halypa şahyrlaryň, mekdebiň aýdym-saz toparynyň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çärä gatnaşanlar röwşen geljege tarap ynamly gadamlar bilen barýan ata Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar