Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň guramagynda Şabat şäheriniň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini we onuň taryhy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen mugallymlaryň hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty — beýik başlangyçlara badalga» atly maslahat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek maksady bilen ýakyn günlerde ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Maslahat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp, bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Farruhbek HAÝITOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.