Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda Magtymguly Pyragy mekdebi hakynda söz açyp: «Dünýä edebiýatynyň gadymy köklerine daýanyp kemala gelen bu mekdebiň binýadyny mukaddes kitaplar, Eflatun, Aristotel ýaly pelsepeçileriň, Rudaky, Firdöwsi, Nyzamy, Mahmyt Zamahşary, Mäne baba, Mahmyt Pälwan, Omar Haýýam, Hoja Ahmet Ýasawy, Sagdy, Hafyz, Jamy, Nowaýy, Ferideddin Attar, Fuzuly, Nesimi, Ýunus Emre, Baýram han, Azady, Andalyp, Garajaoglan ýaly akyldar şahyrlaryň, alymlaryň, danalaryň miras goýan pelsepewi, ylmy, edebi gymmatlyklary düzýär» diýip, jaýdar belleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne sözlerinde belli akyldarlaryň we söz ussatlarynyň hatarynda gadymy Rumystanyň owazyny çeper sözüň üsti bilen äleme ýaýan Ýunus Emräniň adynyň hormat bilen tutulmagy onuň durmuş hem döredijilik ýoly hakynda, söz ussady Magtymgulynyň onuň mirasyndan ruhlanyp döreden şygyrlary hakynda söz açmaga ýardam edýär.
Çeper söz ussady Ýunus Emre 1240-njy ýylda häzirki Türkiýäniň Siwrihasar etrabynyň Saryköý obasynda doglup, 1320-nji ýylda aradan çykypdyr. Ol asly Horasandan Anadola baran türkmen Ysmaýyl Hajynyň neberesinden bolupdyr. Onuň neberesi, ata-baba däbe görä, rysgalyny ene ýerden agtaryp, daýhançylyk, ýer işleri bilen meşgullanansoň, Ýunus hem oglan mahaly bu käri özüne hemra edinipdir.
Ýunus Emre XIII asyryň ikinji ýarymynda, XIV asyryň başlarynda türki kowumlaryň arasynda şöhrat gazanyp, beýik mertebelere ýetýär. Beýik akyldaryň at-abraýa, şan-şöhrata ýetmeginiň baş sebäbi onuň ylym bilen sözlänligidir. Ol:
Ylym ylym bilmekdir,
Ylym kendiň bilmekdir,
Sen kendiňi bilmeseň,
Bu niçik okamakdyr –
diýmek bilen, ylmyň adamzadyň durmuşynda örän möhümdigini nygtapdyr.
Ýunus Emre Jelaleddin Rumydan döredijilik täsirlerini alypdyr. Çyn zehine sarpa goýmagy başaran Rumy Ýunus Emräniň döredijiligine uly sarpa goýup: «Men haýsy mertebä aýak bassam, hemişe özümde bu türkmen gojasynyň yzlaryny görýärin» diýipdir.
Ýunus Emre Tapdyk Emre we Hajy Bektaş Weli bilen-de döredijilik gatnaşygynda bolupdyr. Bu gatnaşyklar barada dürli rowaýatlar saklanyp galypdyr. Hajy Bektaş uly pir, Tapdyk Emre bolsa ussat sazanda bolupdyr. Rowaýatlarda Ýunusyň Tapdyk Emräniň sazyna aşyk bolup, onuň huzuryna barandygy nygtalýar. Ýunus Emre beýik söz ussatlary Ýusup Balasagunly, Mahmyt Kaşgarly ýaly alymlaryň we şahyrlaryň ýörelgelerini dowam etdiripdir. Alyşir Nowaýy, Muhammet Fuzuly, Şa Ysmaýyl Hataýy ýaly ussatlar Ýunus Emräni öz halypasy hasaplapdyrlar.
Beýik söz ussady Ýunus Emräniň «Risalatun-nushyýa» we «Diwan» kitaplary dünýä edebiýatynyň hazynasyna goşulypdyr. Akyldar şahyr sopuçylyk şygyrlaryndan düzülen «Risalatun-nushyýa» eserini 1307 — 1308-nji ýyllarda ýazypdyr. Onuň golýazmasy şahyryň eserleriniň häzirki wagtdaky iň gadymy nusgasy hasaplanylýar.
Ýunus Emräniň şygyrlary many geriminiň giňligi bilen tapawutlanýar. Ol:
Köňül — Hudaýyň tagty,
Köňüle Hudaý bakdy.
Tiken bolma, gül bol eren ýolunda,
Tiken bolar bolsaň, oda ýanarsyň –
diýip, ynsanlara ynsanperwerligi ündäpdir.
Şahyryň liriki şygyrlary aýratyn çeperçilik bilen tapawutlanýar. Ol:
Ýene ýaz güni geldi,
Söýle, bilbiljigim, söýle.
Ähli çiçekler bezendi,
Söýle, bilbiljigim, söýle.
O bilbil aşykdyr güle,
Aşygyň halyn kim bile,
Güle garşy hoş yşk bile,
Söýle, bilbiljigim, söýle –
diýip, aşyk bilbili güle ýetmäge çagyrýar.
Akyldar şahyr «Şepagat iman hany», «Ylym özüň bilmekdir», «Içdik alhamdülylla», «Gel, dosta gideli, köňül», «Galanlara salam bolsun» ýaly birnäçe şygyrlarynda öz göwnündäkini halky dilde beýan edip, ynsan kalbyna ýol salmagy ündäpdir.
Ogulbagt AMANMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.