BITARAPLYK WE PARAHATÇYLYK WATANYMYZYŇ SARSMAZ BINÝADY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň Merkezi kitaphanasynda «Bitaraplyk we parahatçylyk Watanymyzyň sarsmaz binýady» atly «tegelek stoluň» başynda maslahat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda gazanylýan ösüşler barada gürrüň berip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilip geçiljekdigi barada buýsanç bilen bellediler.

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çary KAKABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 52 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 65 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 48 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI