Ýakynda Daşoguz welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda welaýatymyzyň ýokary, orta we ýörite orta mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen oba-hojalyk institutynda «Berkarar döwlet — bagtyýar durmuş» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, mährem eneler we il sylagly ýaşulylar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly döwletlere amala aşyrýan iş saparlarynyň taryhy ähmiýeti barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi.












