ŞÖHRATLY TARYHYŇ ŞAÝADY

Halkymyzyň baý ruhy we medeni gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyza aýawly çemeleşmekde, medeniýetimizi barha baýlaşdyrmakda, ýaş nesliň atalarymyzyň milli ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekde alyp barýan işleri aýratyn ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmenistanyň täsin galdyrýan we seýrek duş gelýän medeni-taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklary taryhyň anyk subutnamalarydyr hem-de nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr» – diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýadygärliklerimiz milli medeniýetimiziň buýsançly baýlyklarydyr. Şoňa görä-de, «türkmen medeniýeti» diýlende ilki bilen, taryhy ýadygärlikleriň geçmiş şöhraty kalbyňa dolýar. Taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurdumyzda olaryň has irki döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu binalar türkmenleriň özleri ýaly, başlaryny belent tutup, nije ýyllaryň külpetlerini eginlerine alyp otyrlar. Şu ýerde ýene-de bir hakykaty aýdyp geçmek ýerlikli bolar. Ol hem her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly ençeme rowaýatlaryň döränligidir. Nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galan rowaýatlar geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýedir. Ol rowaýatlaryň köpüsi Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserlerinde örän çeper beýan edilýär. Ata Watanymyzyň çäklerinde ençeme ýüz ýyllap hereket eden Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady hem medeni köpri bolmak bilen birlikde, syýasy, ykdysady we medeni babatlarda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda örän uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle hem, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ençeme galalaryň peýda bolmagyna öz täsirini ýetiripdir. Bu ýoluň ýurdumyzyň üstünden geçmegi, baý medeni mirasymyzyň we ruhy gymmatlyklarymyzyň pajarlap ösmeginde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir.

Garagumyň jümmüşinde, ürgen çägeleriň arasynda gümmez bolup uzaklardan gözüňe ilýän Gutlug Timuryň minarasy, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Aşyk Aýdyň piriň kümmetleri ýaly täsin binagärlik ýadygärlikleri gadymy Daşoguz topragyna özboluşly görk berýär. Ylmy gözlegleriň netijesinde, olardan ýüze çykarylan tapyndylar biziň ata-babalarymyzyň ösen medeniýetli halk bolandygyny doly subut edýär. Munuň özi, Türkmenistanyň Demirgazyk etraplarynyň türkmen taryhynda irki medeniýetleriň dörän we kämilleşen  sebitidigine güwä geçýär.

Daşoguzda gadymy taryhy-medeni ýadygärlikleriň has meşhurlarynyň biri Yzmykşir galasydyr. Täsin binagärlik asyrlaryň, döwürleriň şatysyna çydaman, ýykylyp-ýumrulandygyna seretmezden, bu galanyň bize gelip ýeten belent diwarlarynyň galyndysy häzir hem uzakdan howalanyp görünýär. Golaýyna geleňde bolsa, özüniň giňligi, diwarlarynyň belentligi bilen haýran galdyrýar. Bu gala Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir geňeşlikleriniň aralygynda ýerleşýär. Galanyň ýerleşýän ýeri adybir Yzmykşir obasyna degişlidir. Taryhy maglumatlara görä, geçmişde dünýä meşhur bolan gadymy şäheriň şöhratly ýoly baryp, biziň eýýamymyzdan-da öňki döwürlerden başlanýar. Umumy tutýan meýdany 20 gektara, diwarlarynyň umumy uzynlygy 1500 metre barabar bolan bu gala öz geçmiş taryhynyň dowamynda 3 gezek ýykylyp, ýumrulyp, 3 gezek hem dikeldilipdir. Şäher-galasynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galan galyndylarynyň orta asyr türkmen binagärliginiň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýändigini hem-de onuň köpugurlylygyny we täsinligini görkezýändigini belleýärler. Kuwwatly gala diwarlary we goranyş desgalary, toýun diňleriniň bölekleri orta asyrlarda ýaşap geçen arap we pars alymlarynyň Yzmykşir şäheriniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda we ylym merkezi bolandygy baradaky ýazuw subutnamalaryny tassyklaýar. Şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi şäheriň gülläp ösmeginde, dünýä tanalmagynda möhüm orun eýeläpdir. Şeýle hem bu şäherde ajaýyp kerwensaraýlaryň, myhmanhanalaryň, kitaphanalaryň, köşkdür metjitleriň birnäçesi bolupdyr. Yzmykşir şäheri Beýik Seljuk döwletiniň düzümine giren döwründe has pajarlap ösüpdir. Halkyň hakydasynda biziň günlerimize çenli galanyň ady bilen bagly şeýle täsin mazmunly rowaýat saklanyp galypdyr. «...Was topragynyň hökümdary Gök hanyň ikinji ogly Wasyň Şirwan, Puljebir, Padywan, Bagban atly ogullary bolupdyr. Şirwan hanyň ogullary aw awlapdyr. Şol sebäpli hem, olaryň atlarynyň yzyna “Şir” sözi goşulypdyr. Was han ogullary ýetişensoň, uly ogly Şirwana Şirwangalany mülk edip beripdir. Şirwan hanyň hem Zamah we Şamah atly ekiz hem-de Halap, Nowan atly ogullary bolupdyr. Zamah han hökümdar bolan döwründe Yzmykşir şäherini gurdurypdyr. Gala hökümdaryň hormatyna «Zamahşar», soň bolsa «Yzmykşir» diýlip atlandyrylypdyr.

Galanyň beýikligi 20 metre ýetipdir. Onuň gurluşygynda alymlar üçin düşnüksiz syrly ýagdaýlaryň hem gabat gelýändigi ylmy edebiýatlarda ýatlanylýar. Ol döwürler häzirki ýaly güýçli gurluşyk tehnikalary bolmansoň, ähli işler adamlaryň, iş mallarynyň güýji arkaly ýerine ýetirilipdir. Galanyň dört derwezesi bolupdyr. Derwezeleriniň iki tarapynda gözegçilik etmek maksady bilen dikilen diňler bar. Ylmy çeşmelerde bellenilişine görä, bu gala II-I asyrlarda Kangýu şalygynyň düzümine giripdir. Şuňa esaslanyp, biz galanyň 2000 – 2200 ýyl öň gurlandygyny çaklap bileris. Galanyň Demirgazyk tarapynda ýerleşen Madra, Çermenýap we Gazabat diýlip atlandyrylan akarlaryň  akyp geçmegi, oňa howp abananda galanyň daşyndan giň garym gazyp, oňa suw goýbermek arkaly goranmaga şert döredipdir.

Orta asyrlarda Yzmykşirde hünärmentçilik, ylym-bilim has gülläp ösüpdir. Munuň şeýledigini, bu şäherde dünýä inen belli alym Abylkasym Mahmyt ibn Omar ibn Az Zamahşarynyň 150-den gowrak ylmy işleri ýazmagy hem doly subut edýär. Belli alym öz adynyň yzyna doglan hem-de önüp-ösen ýeri bolan Zamahşary şäheriniň adyny nisbe-tahallus hökmünde kabul edýär.  Mahmyt ibn az-Zamahşary ilkinji sowady öz kakasyndan alýar, soňra Gürgençdäki, Buharadaky ylym ojaklarynda okapdyr. Ylym-biliminiň üstüni ýetirmek üçin Merwde, Yspyhanda, Bagdatda, Mekgede, Nişapurda, Şamda, Hijazda hem okaýar. Alym 1097-1117-nji ýyllarda Horezmşa Kutbeddin Muhammediň köşgünde işläpdir. Soňra iki ýyl töweregi Mekgede ýaşap, Gürgenje dolanyp gelipdir. Zamahşarynyň döredijiliginiň soňky ýyllary Atsyzyň dolandyran ýyllaryna gabat gelýär. Onuň düzen arap-türk, türk-täjik we mongol-horezm sözlükleri häzire çenli özüniň ylmy ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Görnüşi ýaly, gadymy Yzmykşir galasynyň hem-de onda ýaşap geçen şöhratly atalarymyzyň ömür we döredijilik ýoly bilen bagly taryh örän gyzykly.

Ajaýyp zamanamyzda bu gadymy şäheriň çäginde ýerleşýän Mahmyt Zamahşarynyň kümmetiniň gaýtadan dikeldilmegi, ony ýurdumyzyň dürli künjekleriniň we daşary ýurtly syýahatçylarynyň, taryhysöýüjileriniň gelim-gidimli mesgenine öwürdi. Munuň özi, taryhymyza goýulýan hormaty has-da artdyrýar. Taryhy ýadygärliklerimize, geçmişde ýaşap geçen beýik alymlarymyza belent sarpa goýýan, olar baradaky maglumatlaryň öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy, dünýä ýüzünde ýaýylmagy üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar