ETRABYŇ MERDANA NESILLERI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, golaýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi.

13-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda geçirilen bu bäsleşige etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 5-nji synp okuwçy oglanlary gatnaşdylar.

Çykyş eden oglanlar bäsleşige taýýarlykly gelip, zehin-başarnyklaryny görkezdiler. Olar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Soňra okuwçy oglanlar ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler, şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp etdiler.

Bäsleşige gatnaşýan oglanjyklar bäsleşigiň şertleri boýunça şatlyk-şowhun bilen çykyş etdiler. Eminler bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oglanlaryň sahnada özlerini erkin we rahat alyp baryşlaryna, lybaslaryna, aýdym aýtmak başarnyklaryna, aýdymyň sözleriniň saz bilen sazlaşygyna, arassa sözleýşine, bellenilen wagtda şertleri ýerine ýetirişlerine laýyklykda baha berdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda eminleriň bahalarynyň jemlenmegi bilen, etrap tapgyryň ýeňijileri yglan edildi. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlar “Merdana nesil – 2022”  atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar