BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNIŇ KÄMIL ÝAŞLARY- BAGTYÝAR GELJEGIŇ BINÝADY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çuň bilimli, tutanýerli we giň dünýägaraýyşly nesilleriň terbiýelenip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gursagy hyjuwly, kalby höwesli ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaga bolan islegleri bu günki günde hasyl bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesliň dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy, eşretli-abadan durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, watansöýüji, il-güne peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde aň-bilim taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrjak bagtyýar nesil üçin iň häzirki zaman enjamlary we okuw –tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport toplumlarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Döredilip berilýän ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölüminiň, etrap Polisiýa bölüminiň, etrap Prokuraturasynyň, etrap Kazyýetiniň wekillerinden düzülen topar bilen etrabyň 7-19-20-nji orta mekdeplerinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ýaşlary- bagtyýar geljegiň binýady” atly okuwçy oglanlaryň arasynda wagyz nesihat duşuşygyny geçirdi. Geçirilen wagyz –nesihat duşuşygynda çykyş eden wekiller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň kanuny hukuklaryny goramak, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, ata-babalarymyzdan galan millilik ruhunda terbiýelemek esasy meseleleriň hatarynda orun eýeleýär. Arkadagly Prezidentimiziň ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryna hem-de borçlaryna düýpli düşünmegini gazanmak üçin wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirip durmak babatda beren görkezmelerini ýokary derejede ýerine ýetirmek biziň her birimiziň gaýragoýulmasyz borjumyzdyr diýip giňişleýin bellediler. Esasan hem, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watanymyza, mähriban halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly belent ahlakly, halal adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin ähli ukyp-başarnygymyzy, tejribämizi orta goýmalydyrys diýip bellediler.

Berilen tabşyryklary, görkezmeleri durmuşa geçirmekligiň takyk ugurlary kesgitlenen wagyz-nesihat duşuşygynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

S.MYRADOW.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR