Döwletimizde ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaş nesli kemala getirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine laýyk getirmek, elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak wezipeleri amala aşyryldy. Şeýlelikde, bilim hem terbiýeçilik işlerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň iň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalardyr nou-haular giňden ulanylýar. Munda bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmeklige aýratyn orun degişlidir.
Döwletimiz bilim ulgamynyň halkara derejesine laýyk getirilmeginde, ýurduň durnukly ösüşine hem dünýä ykdysadyýetine saldamly goşant goşjak mynasyp ýaş nesliň kemala gelmegine bil baglaýar. Köpçülikleýin sagaldyş – dynç alyş merkezleriniň, çagalar baglarynyňdyr döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleriniň dowamly gurlup, ulanylmaga berilmeginiň özi hut şol maksatlary nazarlaýar. Häzirki wagtda bilim edaralary zerur okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen üpjün edilip, täze tehnologiýalar we halkara ülňelerine laýyk gelýän okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işi yzygiderli alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, ylaýtada, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars dillerini öwrenmek boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniňdir sazçylyk mekdepleriniň bolmagy çagalykdan bu ugurlara ýykgyn edip, öz saýlan hünäriniň kämil eýeleri boljak ýaş nesliň ösüp ýetişmegine itergi berýär. «Adam aňyndan belli, kerwen — jaňyndan», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Alym bolsaň, älem seniňki», «Zehin zehinden zyýada» ýaly parasatly jümleleri bize miras goýan merdana pederlerimiziň geçen nusgalyk ýoly ýaş nesle ýol - ýörelge, görüm- göreldedir.
Şu maksatdan ugur alyp, ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata- babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen etrabymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy oglanlarynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil ýaşlary - bagtyýar geljegiň binýady” atly şygar bilen wagyz - nesihat, duşuşyk, çäresi geçirildi. Çykyş edenler Watan — başymyzyň täji, Watana söýgi — iň belent söýgi. Her bir adamyň göbek ganynyň siňen topragyna, Watanyna bolan söýgüsi onuň bütin ömründe güýjüne güýç, ruhuna ruh goşýar. Ynsan agy-garany saýgaryp, kemala gelenden soň, onuň watançylyk düşünjesi, duýgusy zähmeti bilen taplanýar, kämilleşýär, hakyky watançynyň kämilligi bolsa onuň ata-enesi tarapyndan goýlan binýatdan, berlen edep-terbiýeden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Biziň ata-babalarymyzyň «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen dürdäne paýhasy Watana wepaly gulluk eden ilhalar ynsanlar Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömürleri, olaryň bitiren işleri, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky aladalary bilen dabaralanýar diýip giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda, çykyş edenler ata-babalarymyzyň zehin eleginden geçen halypa- şägirtlik ýolunyň dowamata beslenip, ozal gazanylan tejribeleriň häzirki döwrüň talaby bilen utgaşyp, kämil ugruň kemala gelmeginde yhlasyny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläkde öňe ilerletmekde alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Rahmanberdi ABDYLWELIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň
Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.