ASUDALYK MEKANY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz uly ösüşlere eýe boldy. Ak şäherimiz Aşgabadyň milli öwüşginli ajaýyp keşbine özboluşly gözellik bolup goşulýan bezeg binalary döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk gelip, olarda ýurdumyzyň okgunly ösüşleri öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, häzirki türkmen döwletiniň ruhuny we kuwwatyny dabaralandyrýar. Aşgabadyň binagärlik keşbi halkymyzyň agzybirligini we jebisligini hem-de röwşen geljege tarap okgunly hereketini alamatlandyrýar. Ýaşyl zolaklar, seýilgähler, gülzarlyklar baş şäherimiziň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhmansöýerligini beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen ýyladyşhanalarda owadan gülleriň örän köp görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Munuň özi şäheriň tebigy aýratynlygyny we bezeg görnüşleriniň özboluşlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda, ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Asylly däbe görä, her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça türkmen ilinde aýratyn gadyr goýulýan bag ekmek dabarasyna badalga berilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, uly ruhubelentlik bilen asylly çärä işjeň girişýärler. Mälim bolşy ýaly, halkymyz bag ekmegi mukaddes iş hasaplaýar. Şonuň üçin hem bu çäre ulyny-kiçini biparh goýmaýar. Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, gür baglyga bürendi. Ak mermerli binalary, giň şaýollary, ýaşyl seýilgähleri hem-de seýilbaglary, köpsanly täsin suw çüwdürimleri bolan Aşgabat halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezidir. Häzirki wagtda türkmen paýtagty Aziýa sebitiniň hakyky merjenine öwrüldi. Munuň özi ähli türkmenistanlylaryň buýsanjydyr. Her ýyl paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary hem haýran galdyrýar. Olarda bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny tutýarlar. Ak mermer bilen örtülen köpsanly binalaryň, täze eýýamyň gözelligine görk goşýan ýaşaýyş jaýlaryň owadan keşbinde ynsan zähmetiniň dörediji güýji bar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň çar künjeginde, şol sanda ak şäherimiz Aşgabat, Arkadag şäherlerinde gurluşyk işleri uly rowaçlyklara beslenýär. Bu gün gözel paýtagtymyz tutuş sebitde syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösen şähere öwrüldi.

 

 

Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

 

«Aşgabat» gazeti,

14.12.2023 ý.

Meňzeş habarlar